Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde, ýurdumyz ähli babatlarda belent sepgitlere ýetýär. Ähli ugurlar bilen bir hatarda ýaşlara daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwretmek, olaryň dil baýlygyny artdyrmak, dünýä dillerinde erkin gürläp bilmeklerini başarmak we döwrebap bilim bermek meselesine-de uly ähmiýet berilýär.
Ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşjak ýaşlary kämil edip ýetişdirmek bu günki günüň möhüm ugurlary bolup durýar. Şonuň üçin hem bilim öwretmekde iň täze usullar işlenip düzülýär, ylmy esasda öwrenilýär. Bu bolsa sapaklaryň täsirli geçmegine, okuwçylaryň oňat düşünmeklerine ýardam edýär. Daşary ýurt dillerini öwretmekde hem iň döwrebap usullar ulanylýar. Esasan hem, okuw kitaplaryndan peýdalanmak, sözlükleriň üsti bilen dil öwretmek, lingafon otaglarda audioýazgylary diňletmek ýaly ugurlary bellemek bolar.
Köp dil bilmek dünýägaraýşyňy, gözýetimiňi giňeldýär. Häzirki döwürde sanly serişdeleriň we tehnologiýalaryň durmuşymyza çalt ornaşýan günlerinde dil bilmek ilkinji zerurlykdyr. Ýurdumyzda ýaşlaryň dil öwrenmegi babatynda durmuşa geçirilýän işler aýratyn bellenmäge mynasypdyr.
Ýurdumyzda daşary ýurt dilleriniň öwredilmegi üçin beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!
Mährijamal GELDIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler