Täze taryhy eýýamda Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň kuwwaty, ösüş derejesi barha artyp, ähli ugurlara sanly ulgamy ornaşdyrmak, kämil bilimli ýaş nesli kemala getirmek işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Ýurdumyzda bu ugurda kabul edilen Konsepsiýalarda we döwlet maksatnamalarynda sanly ykdysadyýeti, sanly bilimi berkarar etmegiň möhüm wezipeleri we ony amala aşyrmagyň kämil ugurlary aýdyň beýanyny tapýar. Dünýä ykdysadyýetiniň häzirki zaman ösüşiniň netijeli ýollarynyň biri hökmünde häsiýetlendirilýän sanly ykdysadyýet möhüm wezipeleriň üstünlikli amala edilmegine we ähli babatda ýokary ösüş görkezijileriň gazanylmagyna oňaýly şertleri döredýär. Ýurdumyzda gurulýan durmuş, medeni, bilim we beýleki ugurly desgalaryň, döwrebap binalaryň ählisi kämil serişdeler bilen üpjün edilýär. Öňde goýlan belent maksatlardan kemal tapýan döwrebap hem kämil derejeli durmuş ulgamy mähriban halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün edip, ýaş nesillerimiziň döwrebap derejede bilim almagyna, döredijilikli zähmet çekmegine bolan hyjuwyny has hem artdyrýar. Bu günki gün asylly maksatlar bilen döredýän we gurýan halkymyz ata ýurdumyzy beýik ösüşlere besleýär. Geljekde hem bagtyýar durmuşy üpjün etmegiň esasy şertleriniň biri-de milli bilimi ösdürmekden, köpugurly hünär taýýarlygyny üpjün etmekden, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri kemala getirmekden ybaratdyr. Bu ugurda öňdebaryjy tejribeleri, akylly tehnologiýalary halk hojalygynyň ähli pudaklaryna ornaşdyrmak, olardan netijeli peýdalanmak işjeňleşýär. Ýurduň nurana geljegi bolan ýaş nesliň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, dünýäniň iň öňdebaryjy tilsimatlaryndan baş çykarýan, ylmyň dünýä derejesinde gazananlaryny başarnykly özleşdirip bilýän, döwrüň ösüşi bilen deň gadam urýan ýaşlary kemala getirmek babatda alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler üstünlikli amal edilýär. Diýarymyzyň beýik ösüş hem özgerişleri halkymyzyň ruhy galkynyşyny üpjün edip, türkmen jemgyýetini täze belentliklere sary öňe alyp barýar. Şanly ýylymyzyň şygary bolan «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň» özeninde hem şeýle gymmatly pikirler jemlenen. Bilimden serpaýly bagtly ýaşlar jemgyýetiň iň işjeň bölegi bolmak bilen, olaryň belent jogunly, hyjuwly, buýsançly kalplary gazanylýan üstünliklere badalgadyr. Çünki ata Watanymyzyň röwşen geljegi bagtyýar ýaşlarymyz bilen berk baglanyşyklydyr.
Meýlis TIRKEŞOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Tehniki hyzmatyň guralyşy we tehnologiýasy
hünäriniň 3-nji ýyl talyby.
Teswirler