Aşgabatda we Duşanbede söwda öýleri dörediler

Mälim bolşy ýaly, golaýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistana saparynyň dowamynda bu ýurduň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda bilen duşuşdy. Duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine seredilip geçildi. Şol sanda Aşgabatda we Duşanbede söwda öýlerini döretmek barada pikir alşyldy.

Duşuşykda eksport-import amallarynyň möçberini artdyrmak, birek-birege ugradylýan harytlaryň görnüşlerini giňeltmek we ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklaryny ösdürmek ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi hökmünde kesgitlenildi. Bu işleri utgaşdyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz iki ýurduň paýtagtlarynda söwda öýlerini döretmek boýunça taslamany ýakyn wagtda amala aşyrmaga girişmegi teklip etdi.

Şeýle hem gepleşikleriň barşynda oba hojalygy we obasenagat toplumy, ilkinji nobatda, oba hojalyk önümlerini özara alyşmagy guramak boýunça bilelikde tagalla etmegiň wajypdygy bellenildi. Ykdysadyýetiň bu ugry boýunça iki ýurduň hem baý tejribesiniň bardygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Kohir Rasulzoda degişli döwlet hem-de hususy düzümleriň bilelikde oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlygyň ýörite maksatnamasyny taýýarlamaklarynyň wajypdygyny tassykladylar.

Meýlis GELDIBAÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok