57-nji Halkara Mendeleýew olimpiadasynda Türkmenistanly okuwçylar ýokary netije görkezdi!

Gazagystanyň Astana şäherinde geçirilen 57-nji Halkara Mendeleýew olimpiadasynda Türkmenistanly okuwçylar 4 medal — 1 kümüş we 3 bürünç medal gazandylar.

Iri halkara intellektual ýaryşda Türkmenistana paýtagtyň S.Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň dört okuwçysy wekilçilik etdiler, olaryň her biri medala mynasyp boldy.

Olimpiada alty gün dowam etdi we üç tapgyrdan ybarat boldy: iki nazary we bir amaly tapgyr. Birinji tapgyryň ýumuşlary kynlygy boýunça ýöriteleşdirilen himiýa synplarynyň maksatnamasyna gabat gelýärdi. Ikinji tapgyrda gatnaşyjylara himiýanyň bäş bölüminden ybarat bolan has ýokary derejeli ýumuşlary teklip etdiler: organiki, organiki däl, analitiki we fiziki himiýa, şeýle hem haýwanlar baradaky ylymlar.

Dowamlylygy bäş sagat bolan olimpiadanyň amaly tapgyry okuwçylaryň himiýa laboratoriýasynda işlemek başarnyklaryny barlamaga gönükdirildi: jisimleriň himiki seljermesini ýerine ýetirip bilmek ukyby we hödürlenen usul boýunça sintez geçirip bilmek başarnyklary barlandy.

Mähek GÜÝJOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok