Rowaçlanýan ösüşleriň ýalkymy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň be­lent mak­sat­ly men­zil­le­rin­de Türkmenistan Di­ýa­ry­myz buý­san­dy­ry­jy üs­tün­lik­le­re bes­len­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň parasatly baş­tu­tan­ly­gyn­da ata Wa­ta­ny­myz­da ähli ugurlarda top­lum­la­ýyn ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­le­riň ne­ti­je­sin­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­timiz uly zähmet ýeňişlerine eýe bolýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň: «Wa­tan di­ňe hal­ky bi­len Wa­tan­dyr! Döw­let di­ňe hal­ky bi­len döw­let­dir!» di­ýen pa­ra­sat­ly söz­le­ri hal­kyň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şyn­da öz be­ýa­ny­ny tap­ýar.  «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022 — 2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­sy­ny» üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan möhüm iş­le­riň ne­ti­je­sin­de batly dep­gin­li ösüşler gazanylýar. Eziz Wa­ta­ny­myz­da halkymyzyň ag­zy­bir­li­gi, je­bis­li­gi, bagtyýar durmuşy üp­jün edil­ýär, döw­le­ti­mi­ziň hem­me­ta­rap­la­ýyn saz­la­şyk­ly ösü­şi döwrümize şan getirýär. Ýurdumyzyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny barha art­dyr­ma­ga, hal­ky­my­zyň eş­ret­li ýa­şaý­şy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len be­ýik iş­ler Watanymyzy se­na­gat taý­dan ösen döw­le­te öwür­mek, se­na­gat kär­ha­na­la­ry­nyň işi­ni ta­la­ba­la­ýyk gu­ra­mak, tebigy baýlyklary, ýer serişdelerini re­je­li peý­da­lan­mak bo­ýun­ça möhüm we­zi­pe­ler üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Yl­myň iň tä­ze ga­za­nan­la­ry önüm­çi­li­ge giňden or­naş­dy­ryl­yp, tä­ze önüm­le­riň gör­nüş­le­ri we önümçiligi art­ýar. Da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­ri ön­dür­mä­ge ni­ýet­le­ni­len iri tas­la­ma­lar ama­la aşy­ryl­ýar. Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mek bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan iş­le­riň ne­ti­je­sin­de pu­dak­lar döw­re­bap ýag­da­ýa ge­ti­ril­ýär, milli yk­dy­sa­dy­ýe­te go­ýul­ýan ma­ýa go­ýum­la­ry önüm­çi­li­ge, dur­muş mak­sat­ly ugur­la­ra gö­nük­di­rmek bilen ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dy­ryl­ýar. Bu bol­sa döw­le­ti­mi­ziň se­na­gat taý­dan ösen ýur­da öw­rül­me­gin­e we kuwwatlanmagyna ýol açýar. Şol bir wagt­da zäh­met hak­la­ry­nyň, pen­si­ýa­la­ryň, döw­let kö­mek pul­la­ry­nyň, ta­lyp hak­la­ry­nyň möç­ber­le­ri­niň ýo­kar­lan­dy­ry­lyp du­rul­ma­gy hem ila­tyň hal-ýag­da­ýy­nyň has-da go­wu­lan­ma­gy­na oňaý­ly tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Ösüş-öz­ge­riş­le­re bes­len­ýän eziz Di­ýa­ry­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän asylly işler hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­mak üçin esas bolup çykyş edýär. Türk­me­nis­ta­n ýur­du­myz­da pa­ra­hat, aba­dan dur­muş­da ýa­şa­mak, halal zäh­met çek­me­k üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler we şert­ler dö­re­dil­ýän şeýle ajaýyp zamanada hal­ky­my­zyň nurana gel­je­gi­ne bo­lan yna­my sarsmazdyr.

Arzygül TIRKEŞOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok