Türkmen we täjik halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklary öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Biziň taryhy ösüşimizde, medeniýetimizde, däp-dessurlarymyzda hem umumylyklar köpdür. Aziýa yklymynyň merkezinde, geografik taýdan amatly ýerleşmegi diňe bir sebit däl, eýsem, ählumumy derejede-de ýurtlarymyz üçin möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyzlygyna eýe bolan pursadyndan başlap, iki halkyň hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklary täze taryhy eýýama gadam basdy.
1993-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýlanyndan bäri geçen 30 ýylyň dowamynda ýurtlarymyz ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde netijeli hyzmatdaşlygyň baý tejribesini topladylar. Turuwbaşdan, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň binýady iki döwletiň gyzyklanmalarynyň nazarda tutulmagy arkaly özara bähbitlilige esaslandy we ol bu günki günde syýasy, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli ösdürilýär. Şunda türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň binýadyny pugtalandyrmakda Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalaryna aýratyn ornuň degişlidigini nygtamalydyrys.
Şu ýylyň 10-11-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna amala aşyran ilkinji döwlet sapary dostluk, hoşniýetlilik we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-täjik gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açdy. Saparyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Duşenbe şäherinde Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen ýokary derejeli gepleşikleri geçirdi. Duşuşygyň gün tertibine girizilen meseleleriň hatarynda ylym-bilim ulgamynyň hem bolmagy iki ýurtda-da bu ugra uly ähmiýet berilýändigini görkezdi.
Aýjeren ANNAMYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler