Dil akylyň we ýüregiň açary

Mähriban Arkadagymyzyň binýadyny berk tutan we Arkadagly Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirýän döwlet syýasatyna laýyklykda ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyk bilim almaklary we daşary ýurt dillerini suwara öwrenmekleri üçin bilim-terbiýeçilik edaralarynda nusga alarlyk işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň orta mekdeplerinde daşary ýurt dillerini okatmagyň hilini ýokarlandyrmaga we netijeliligini artdyrmaga aýratyn üns berilýär.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde dil bilimine berilýän üns aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Diňe bir öz ene dilimizi däl-de, eýsem, dünýä dillerini öwrenmek taglymaty öňe sürlüp, degişli çäreler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda hereket edýän mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurt dilleri öwredilýär.

Di­li öw­ren­me­giň esa­sy mak­sa­dy di­ňe bir su­wa­ra söz­leý­şi öz­leş­dir­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, söz­le­riň ýa­zy­ly­şy­ny, hal­kyň, ýur­duň ta­ry­hy­ny, me­de­ni­ýe­ti­ni hem-de ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­ny bil­me­gi ta­lap ed­ýär. Di­li öw­ret­mek, oza­ly bi­len, ýaş nes­liň dün­ýä­ga­raý­şy­ny gi­ňelt­me­gi, ba­şar­nyk­la­ry­ny we en­dik­le­ri­ni ös­dür­me­gi, şol bir wag­tyň özün­de so­wat­ly şah­sy­ýet bo­lup ýe­tiş­me­gi­ni göz öňün­de tut­ýar. «Türk­me­nis­tan­da da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni okat­ma­gy kä­mil­leş­dir­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­nyň» dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­niň çäk­le­rin­de tä­ze okuw mak­sat­na­ma­la­ry iş­le­nip dü­zül­di. Bu res­mi­na­ma ösüp gel­ýän ýaş nes­liň kä­mil şah­sy­ýet bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär.

Oguljemal RÖWŞENOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok