Magtymguly Pyragy – söz äleminiň çyragy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda milli medeniýetimize we sungatymyza möhüm ähmiýet berlip, barha kämilleşdirilýär. Bütin adamzadyň, döwürleriň şahyry, dana akyldar Magtymguly Pyragynyň döredijiligini içgin öwrenmeklige uly üns berilýär, munuň özi dana şahyryň pähim-paýhasyna, çuň pelsepewi dünýäsine, çeper döredijiliginiň uly güýjüne goýulýan uly hormat-sarpadan nyşandyr. Çuň many-mazmunly eserleri, şygyrlary bilen gaýtalanmajak ruhy bitewüligi kemala getiren Magtymguly Pyragy halkymyzyň beýik akyldarydyr. Her bir ynsan üçin, ýaş nesiller üçin egsilmez akyl-paýhas ummanyna öwrülen Pyragynyň döredijiligi milli medeniýetimiziň, edebiýatymyzyň esasy sütünleriniň biridir. Magtymguly Pyragy külli adamzat kowmunyň ruhy genji-hazynasynyň  baýlaşmagyna, kämilleşmegine hem ägirt uly goşant goşan şahyrdyr. Dana Pyragynyň şygyrlarynda gözel tebigat, halallyk, päk ahlaklylyk, ylym-bilimli bolmak, agzybirlik, ynsanperwerlik bilen bagly gymmatly setirler eriş-argaç bolup geçýär.

Mähriban halkymyzyň abraý-mertebesini tutuş dünýä ýüzünde dabaralandyryp gelýän akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň parasatly setirleriniň gadyr-gymmaty diýseň belentdir. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, onuň goşgudyr şygyrlary dünýä dilleriniň ençemesine terjime edildi. Bu bolsa şahyryň döredijiligi bilen dünýä halklarynyň hem ýakyndan tanyşmagyna şert döredýär. Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy ylmy-edebi jemgyýetçiligiň hemişe üns merkezinde. Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry we filosof Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyga taýýarlyk işleri ýokary depginde dowam edýär. 2024-nji ýyl Türki döwletleriň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan «Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýlip yglan edildi. Häzirki wagtda ýaş ýazyjylaryň we şahyrlaryň eserlerinde Magtymguly Pyragynyň köptaraplaýyn many-mazmunly döredijiliginde beýan edilýän watançylyk, adamkärçilik, dost-doganlyk, haýyr-sahawat, halallyk temalary öz beýanyny tapýar. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şahyryň edebi mirasynyň ýaş nesilleri ýokary ahlak ruhunda terbiýelemekde gymmatly çeşme bolup durýandygynyň kepilidir.

Aýbölek GARLYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok