Daşary ýurt ýazyjylary Pyragy barada..

Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň ynsap ölçegidir, onuň şygyrlary ýaşaýyş düzgünnamasydyr. Ol düzgünnamalar diňe bir halk üçin däl, eýsem, külli adamzat üçin hem ýaşaýyş düzgünnamasydyr. Özem bu şygyrlar diňe bir ýaşaýyş düzgünnamalary bolmak bilen çäklenmeýär, olar durmuşyň kada-kanunlary boýunça ýaşamaga borçly edýär. Hut şu hyzmaty üçin Magtymguly beýik şahyrdyr.

Wasiliý Ýan, rus ýazyjysy.

Pyragynyň baş terjimeçisi Arseniý Tarkowskiniň «Magtymgulynyň durmuş kodeksleri» diýip atlandyrýan goşgularynyň setirlerini içimden gaýtalaýaryn. Ol goşgular durmuşa dogry düşünmegi, güni-sagady ölçelip berlen gysgajyk ömrüň ýeke pursadynyda manysyz geçirmezligi, halallygy, rehimdarlygy, adamçylygyň, ynsabyň çäginden çykmazlygy, kanagatlylygy öwredýär. Magtymgulynyň döredijiligi durşy bilen düşünje, päklik, ylym, adalat, ynsap. Bular bolsa ýaşaýşyň esasy sütünleri.

Sergeý Baruzdin, rus ýazyjysy.

Magtymguly wagtdan bir gapdala çykyp, ony kesesinden synlaýan ýaly duýgy döredýär: şahyr wagtyň hem dünýäniň bir bölegi däl-de, eýsem, wagtyň başlangyjyny, ortasyny hem ahyryny, geçeni hem geljegi gören beýik şahyrdyr. «Pyragy» sözüniň «el çeken», «boşan», «dynan» ýaly many jäheti «Aňryk ätläp gören» diýmekdir. Hut şonuň üçinem Magtymgulynyň adynyň-abraýynyň barha artmagy tebigy hadysadyr, çünki şahyr sözüň doly manysynda umumadamzat ruhunyň tugudyr, şamçyragydyr.

Timur Pulatow, özbek ýazyjysy.

Türkmenleriň köňül nagyşlaryna öwrülen Magtymguly Pyragyny bu gün bütin dünýä tanaýar, çünki ol umumadamzat gymmatlyklaryny tug deýin belentde göteren beýik akyldar şahyrdyr.

Maar Baýjyýew, gyrgyz ýazyjysy.

Türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymgulynyň gyzyla gaplaýmaly eserleri tatar okyjysyna biziň öz ene dilimize terjimesi arkaly örän ýakyndan tanyşdyr. Biz, tatar ýazyjylary, Magtymgulyny terjime etmek bilen, şygyr ussatlygynyň mekdebini geçdik, ol bize parasatly pikir ýöretmegi, baý obrazlylygy, halk pähimine daýanyp, gysga sözler bilen çuň many bermegi öwredýär. Halk bilen we halk üçin döredýänlere bu mekdebi geçmek bagtdyr.

Zaky Nury, tatar şahyry.


Toplan: Oraz TIRKIŞOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok