Witaminler bedeniň ähli içki işlerinde bize kömek edýär. Bedende her gün her minutda bolup geçýän milliardlarça himiki çäreleri kadalaşdyrýarlar. Gijelerine has gowy görmek ukybyny ýa-da derini iýmitlendirmek ýaly ýaşaýşa mümkin edýän biologiki proseslerde bize her tarapdan kömek edýärler. Bedenimiziň etmeli dürli wezipeleri witaminleriň kömegi bolmazdan asla mümkin däl.
Adam iýýän iýmitlerinden zerur witaminleri alýar. Bedende beloklar, uglewodlar we ýaglar himiki taýdan beýleki maddalar bilen birleşip, energiýa we beden dokumasyny emele getirýär. Käbir witaminlerden öndürilen fermentler bu himiki reaksiýalary başladýar ýa-da çaltlaşdyrýar. Mysal üçin B witaminleri iýýän iýmitimizden bedene energiýa geçirmäge kömek edýän işjeň fermentleriň döremegine kömek edýär.
Witaminleriň hemmesiniň etmeli dürli wezipeleri bar. Witaminleriň gaty anyk wezipeleri bolup bilse-de, köplenç bedenimizdäki dürli biologiki amallary düzgünleşdirýän topar bolup işleýärler.
Witaminleriň beden tarapyndan nähili ulanylýandygy we gaýtadan işlenmegi olaryň himiki düzümine baglydyr. Witaminler suwda ereýär (C witamini we B witaminleri ýaly) ýa-da ýagda ereýär. Suwda erän witaminler içegä siňdirilýär we ganymyza zerur bolan käbir beden dokumalaryna iberilýär. Suwda ereýän B we C witaminleri der we peşew arkaly aňsatlyk bilen ýitýär.
Adam üçin her gün kabul etmeli zerur 13 witamin bar. Olar: A, B, B12, C, D, E, K, biotin, niasin, folat, pantoten kislotasy, riboflawin (B2), tiamin (B1).
Amannazar ÖDEBERDIÝEW,
Türkmenistanyň inžener-tehniki we
ulag kommunikasiýalary
institutynyň talyby.
Teswirler