Kitap hakynda aýdylanlary jemläp…

Kitap – islendik bilimiň jany we ýüregi, islendik ylmyň başydyr.

S.Sweýe

Adamzadyň bütin ýaşaýşy kitapda doly orun tapdy: adamlar, patyşalar, döwletler ýok bolup gitdiler kitaplar bolsa galdylar.

A.I.Gersen

Kitap – jadygöý. Kitap dünýäni gaýtadan gurýar. Kitapsyz älem ýabanydyr.

F.Bekon

Kitaplar eýýamlaryň tolkunlarynda ýüzüp ýören we özüniň gymmatbaha ýüküni nesillerden-nesillere aýap eltýän akyl gämileridir.

A.Morozow

Kitap – adamzat bilimleriniň çeşmesi, şeýle hem adamzadyň güýjüniňem çeşmesidir. Köp okan bilimli adam durmuşda yzagalak, medeniýetsiz adamlara garanyňda juda köp zatlary başarar.

M.Isakowskiý.

Gowy kitap okamak bilen adam özüni has-da güýçli, bilimli we ynamly duýar.

Ý.Sudrabkalin.

Kitaplarda geçen zamanyň akyl-paýhasy ýaşaýar… Adamzadyň döreden gaýta-gaýta pikirlenip ýeten zatlarynyň ählisi göýä jadyly sandyk deý kitaplaryň sahypalarynda saklanyp galypdyr.                            

T.Karleýl.


Toplan: Şazada ŞANAZAROWA,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok