Kämil ahlak – ösen jemgyýet

Türkmen jemgyýetini döwrebap özgertmek ýurtda höküm sürýän durnukly asudalyga, ösen ykdysadyýete, egsilmez tebigy baýlyklarymyza daýanýar. Şu şertlerde adam hakyndaky alada döwletde ilkinji orna geçende, hakykatdan-da, berk sagdyn jemgyýet kemala gelýär.

Jemgyýetimiziň has-da çalt depginlerde özgermegine görnetin ýardam berjek serişdeleriň biri, ol hem adam gatnaşyklarynda ýokary ahlak derejesiniň gazanylmagydyr. Her bir jemgyýetiň özüne mahsus ahlak kadalary bolýar. Olar halkyň mentalitetine, milli aýratynlyklaryna esaslanýar we şondan gelip çykýar. Mentaliteti boýunça hem her bir halk beýleki halklardan hökmany tapawutlanýar.

Ahlak kadalaryny «başyna täç» edinýän adamlaryň durmuş ýörelgeleri ýaş nesliň talabalaýyk terbiýe almagyna oňyn täsir edýär. Ahlak kadalaryny bozýan adam kanunyň kadalaryny hem sylap duranok. Şonuň üçin hem türkmen jemgyýetinde ahlak kadalary hiç bir ýagdaýda ünsden düşürilenok. Gadym döwürlerden bäri ata-baba dowam edip gelýän ýörelge hökmünde türkmen maşgalasynda ata maşgalabaşy ene bolsa ojakbaşy hasaplanypdyr.

Häzirki wagtda ýaşlaryň dünýäde bar bolan maglumat serişdelerinden erkin we hiç bir bökdençsiz peýdalanmaklary üçin doly mümkinçilikleri bar. Olar özüniň doly dünýägaraýşyny we gözýetimini giňeldýän maglumatlardan başgada ahlak kadalarymyza laýyk gelmeýän maglumatlary hem gündelik kabul edýärler. Olaryň zyýanly täsirini jemgyýet şu gün bolmasa-da hökman ertir hökman duýýar. Şonuň üçin hem ilkinji nobatda ýaş nesle türkmen halkynyň milli aýratynlyklaryny açyp görkezmeli.

Rozygül ANNAKOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok