Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlary ýokary derejede ösdürilýär, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňden ýaýbaňlandyrylýar. Çünki bu işler geljekki ösüşleriň ygtybarly kepili bolup çykyş edýär. Ýurdumyzyň ulag ulgamynyň we halkara ulag hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmek, badalga berlen iri halkara we sebitara taslamalary durmuşa geçirmek, olaryň netijeliligini ýokarlandyrmak wezipeleri esasy üns merkezinde saklanylýar. Döwletimizde bu pudagy ösdürmek baradaky işler durmuşa geçirilende bu ugurdaky Milli maksatnamadan ugur alynýar. Onuň çäklerinde degişli desgalaryň döwrebaplaşdyrylmagy, täze iş orunlarynyň döredilmegi we ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagy, häzirki zaman tehnikalarynyň satyn alynmagy, hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagy ýaly wezipeler kesgitlenýär. Arkadagly Serdarymyzyň ulag ulgamyna degişli halkara resminamalara gol çekmegi hem asylly maksatlara ýetmäge gönükdirilendir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy halkara söwda we ulag ulgamynyň merkezine öwürmek başlangyjy anyk maksatnamalarda öz beýanyny tapýar hem-de dowamly ösüşe eýe bolýar. Ýurdumyzda öndürilýän önümleri dünýä bazarlaryna çykarmak, daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek wezipelerini ykdysadyýeti ösdürmegiň möhüm şerti hökmünde kesgitledi. Munuň özi bolsa, ählumumy we sebit ulag-üstaşyr ulgamynyň batly depginde ösdürilmegi bilen şertlendirilýär. Şeýle eksportyň mümkinçilikleriniň giňeldilmegi döwletimiziň durmuş-ykdysady strategiýasynyň möhüm ugrudyr. Häzirki wagtda ulag ulgamynyň ösüşi bilen söwdanyň ösüşiniň arasyndaky özara baglanyşyk barha pugtalanýar. Ulgamda alnyp barylýan başlangyçlaryň esasy maksady ýurdumyzyň geografiýa taýdan amatly ýerleşmeginiň mümkinçiliklerini hem-de sebit boýunça tebigy üstaşyr köpri bolup durýan ulag düzüminiň ägirt uly kuwwatyny doly derejede peýdalanmakdan ybaratdyr. Goý, şeýle asylly işleri bilen ýurdumyzy gülledip ösdürýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri rowaç bolsun!
Serdar NARKULYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.
Teswirler