Sanly ulgam – kämil ugur

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň milli ykdysadyýeti, ylmyň we tehnikanyň gazananlary uly ösüşe eýe bolýar, täzeçil wezipeleri hem ugurlary önümçilige ornaşdyrmakda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Edilýän uly tagallalar netijesinde sanly ykdysadyýeti ösdürmeklige uly orun berilýär. «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegine giň ýol açdy, tutumly işlere badalga berdi. Bu ulgamyň durmuşa ornaşdyrylmagy eziz ýurdumyzda ähli ugurlar babatda has netijeli ösüşleri gazanmakda möhüm görkezijidir. Çünki sanly ulgam täze mümkinçiliklere, goşmaça amatlyklara ýol açýar. Arkadagly Serdarymyzyň oýlanyşykly ykdysady syýasaty ýurdumyzyň halk hojalygynyň ösüş-özgerişli ýolunyň rowaçlanmagyna kuwwatly itergi berýär. Ýurdumyzyň çar künjeginde häzirki zaman tehnologiýaly önümçilik kuwwatlyklary işe girizilip, milli ykdysadyýetimiziň çalt depginlerde ösdürilmeginde netijeli işlere badalga berilýär. Dünýäniň köp ýurtlarynda giňden ýaýran sanly ykdysadyýete geçilmeginde giň möçberli işleriň sany barha artýar. Sanly ykdysadyýetiň bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmekdäki bähbitli ähmiýeti bellärliklidir. Ýurdumyzda bilim ulgamyny sanlylaşdyrmagyň Konsepsiýasy öňdebaryjy tejribäniň, täzeçil usullaryň bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylmagyna we ýokary netijeleriň gazanylmagyna uly itergi berdi. Sanly ulgamyň eçilen mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylmagy ýaş nesle bilim bermegiň, hünär öwretmegiň hilini ýokary derejä çykarýar. Kämil ulgamyň bähbitli mümkinçiliklerine bu ulgamda durmuşa geçirilýän işleriň mysalynda doly göz ýetirýäris. Şol bir wagtda täze ulgamyň uly geljegi hem ählimizi guwandyrýar. Sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça işleriň çäginde ýurdumyzyň ýokary bilim ojaklarynyň bagtyýar ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda işlenip düzülen dürli sanly çözgütleri, okuwa degişli maglumatlary özleşdirmeklerine mümkinçilik berýän bilim portallary, sanly kitaphana ulgamy we beýleki gazanylanlar ýurdumyzyň sanly ulgamyň soňky gazananlary esasynda bedew batly ösüşlere eýe bolýandygyna güwä geçýär. Sanly ulgamy milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryna giňden ornaşdyrmak we barha kämilleşdirmek bilen ýurdumyzy ösüşleriň belent derejesine, ýeňişli menzillerine alyp barýan, halkymyzyň abadan durmuşy babatda asylly işleri ýola goýýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, mertebesi belent bolsun! 

Ogulgül REJEPOWA,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we 
ulag kommunikasiýalary institutynyň 
Ykdysadyýet we sanly tehnologiýalary 
fakultetiniň
 4-nji ýyl talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok