Goşa mukaddesligiň belent sarpasy

Ata Watanymyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edilen adamyň azatlyklarynyň, hukuklarynyň möhüm goragyny kepillendirýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň ýörelgelerine daýanyp, ýurdumyzda giň gerimli maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda alnyp barylýan giň möçberli maksatnamalaýyn işleriň, bagtyýar durmuşy üpjün etmegiň bähbidine ýola goýulýan tutumly başlangyçlaryň gerimi has hem giňeýär. Ýurt binýadynyň goşa sütüni bolan Baş Kanunymyz hem-de Döwlet Baýdagymyz goşa mukaddeslik hökmünde arzylanmak bilen, abadan ýaşaýşy üpjün etmegiň iň kämil guraly bolup çykyş edýär. Ol ýetilýän ähli belent sepgitleriň, gazanylýan üstünlikleriň gözbaşydyr. Halkara gatnaşyklarymyzy, mizemez berkararlygymyzy şöhlelendirýän bu goşa gymmatlyk abadan durmuşymyzyň başlangyjydyr, nesillerimiziň nurana ertiriniň aýdyň güwäsidir. Täze Galkynyşyň aýdyň ýolunda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda uludan bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň güni eziz halkymyzy beýik maksatlara galkyndyrýar. Bu goşa mukaddeslik bitewüligimizi, agzybirligimizi, parahatçylykly ýörelgelerimize ygrarlylygymyzy alamatlandyrýan nyşandyr. Demokratik, hukuk we dünýewi döwlet hökmünde milli düşünjelerimizi özünde jemleýän Baş Kanunymyz, dünýä münberinde belentden pasyrdaýan Ýaşyl Baýdagymyz milli guwanjymyz we mertebämizdir. Goşa gymmatlygyň derejesini has-da dabaralandyrmak, ýaş nesilleri watançylyk we ýokary ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek, raýatlarymyzy jebisleşdirmek maksady bilen bellenilýän bu milli baýrama döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň saýasynda döwletimizde alnyp barylýan ynsanperwer syýasatyndan gelip çykýan möhüm wezipeleriň uzak geljegi nazarlaýanlygy, ýurdumyzda yzygider gurulýan bir-birinden kaşaň binalarymyzyň binýadynyň berkligi, maşgala ojaklarymyzyň abadanlygy şu günki Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň mysalynda hasyl bolýar. Bagtyýar döwrümiziň üstünlikli gadamlary eziz Watanymyzyň batly menzilleriniň şanyna şan goşýar. Oňyn ýörelgelere esaslanyp gazanylýan her bir sepgitler ata Watanymyzyň at-abraýyny dünýä ýaýýar. Goý, mähriban halkymyzyň bagtyýar hem-de abadan durmuşda ýaşamagy, ýurdumyzyň berkararlygy ugrunda uly aladalar edýän Milli Liderimiz Mähriban Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan döwletli tutumlarynda, beýik işlerinde rowaçlyklar ýar bolsun! «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýurdumyzda hemişe bagtyýarlyk, parahatçylyk höküm sürsün! 

Orazmät REJEPOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok