Belent sepgitleri hem oňyn ösüşleri nazarlap

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzda ykdysadyýeti kuwwatlandyrmak, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmak babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Milli ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna täze innowasion tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» ähli ulgamlara sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna giň ýol açdy. Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen onuň hukuk binýady hem kämilleşdirilýär. «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary hem kabul edildi. Döwletimizde sanly ulgamy ösdürmegiň esasy ugurlary kesgitlenilip, onuň ösüşi durmuş hyzmatlaryny hem ýeňilleşdirýär.

Häzirki döwürde örän güýçli depginlerdäki ösüşleri bilen rowaçlanýan bu ulgamyň giň mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly dürli hyzmatlar ýerine ýetirilýär. Häzirki wagtda sanlylaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän giň möçberli çäreler döwrüň möhüm talabydyr. Çünki ol degişli amallary ýerine ýetirmek üçin sarp edilýän wagtyň tygşytlanylmagyna, ýerine ýetirilýän her bir işiň hiliniň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan giň möçberli özgertmelere we sanly ykdysadyýet konsepsiýasyna laýyklykda, ylym, bilim ulgamyndaky ösüşler pugtalanýar. Munuň üçin ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärler açylýar, inženerçilik-tehniki, tehnologiýa we beýleki zerur ugurlar boýunça okatmagyň usulyýeti kämilleşdirilýär. Bu babatda durmuşa geçirilýän çäreler ýurdumyzyň şöhratlanmagyna, gülläp ösmegine ýardam edýär. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň sanlylaşdyrylmagy, täzeçil, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýetiň döredilmegi bolsa eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyryp, oňyn ösüşlere besleýär, ata Watanymyzyň halkara derejesindäki at-abraýyny artdyryp, belent sepgitlere ýol açýar. Döwrümize şan getiren Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzyň ösüşlerini, şan-şöhratyny dünýä ýaýýan, ýurdumyzy täze galkynyşyň aýdyň ýolunda täze ýeňişlere besleýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza hem Hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarys. Goý, Mähriban Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolup, beýik başlangyçlary dowamat dowam bolsun!

Akmyrat ABAÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň 2-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok