Asyrlara şugla saçan, Pyragy!

– Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň taryhynyň iň çylşyrymly döwründe ýaşan, agzybirlik, garaşsyzlyk, özbaşdak döwlet gurmak ýaly beýik maksatlara öz döredijiligi bilen gulluk eden ynsanperwer şahyrdyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymgulynyň döredijiligini öwrenmek, onuň eserlerini dünýä dillerine terjime etmek täze belentliklere göterilýär. Munuň şeýledigine köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen yzygiderli tanyş bolanyňda hem göz ýetirmek bolýar. Bu mesele Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek bilen baglanyşykly karardan soňra has-da giň gerim aldy. Dünýäniň dürli ýurtlarynda bu sene bilen baglanyşykly dürli çäreler geçirilýär.

Aslynda dünýä halklarynyň şahyryň döredijiligine gyzyklanmalary XIX asyryň aýaklaryndan başlanýar. 1879-njy ýylda «Nemes Gündogary öwreniş jemgyýeti» tarapyndan çykarylan ýörite žurnalda Arminiý Wamberi onuň tutuş diwanyny türkmen we nemes dillerinde neşir etdiripdir.

Gündogar edebiýatyny öwreniji, dünýä belli alym Ý. Bertels Magtymgulynyň döredijiligini Jemşidiň jadyly jamyna meňzedip, örän ýerlikli baha berýär, sebäbi şahyr ähli döwürlerde ähli halklar, ýagny adamzat üçin möhüm meseleleri gozgaýar. Taryhy maglumatlar şahyryň külli adamzat bilen, adamzat bolsa Magtymguly bilen bitewüleşendigini görkezýär.

Halkyň Magtymgula garaýşy dogrusynda M. Mihaýlow özüniň «Türkmenler» atly makalasynda ajaýyp pikirleri orta atýar. Filologiýa ylymlarynyň doktory S. Garryýew «Türkmen edebiýatynyň Sowet Gündogary edebiýatlary bilen özara baglanyşygynyň taryhyndan» (1967) kitabynda M. Mihaýlowyň şol makalasyndan «Geçmişiň şöhratly hem gussaly işlerini taryp edip, halk poeziýasyna (türkmenlere) uly täsir ýetirýär.

Häzirki wagtda Magtymguly Pyragynyň goşgularyna dünýäniň örän köp ýurtlarynda uly isleg bildirýärler, onuň goşgularyny öwrenýärler. Ony özleriniň ruhy goldawçysy saýýarlar. Munuň sebäbini öwrenmek dowamat-dowam bolar durar.

Muhammetgeldi AGALYKOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok