Bir gije-gündizde 10 müň jübüt jorap öndürilýär!

Türkmenabat şäherindäki «Bat» haryt nyşanly jorap önümçiliginde müşderileriň islegleri we teklipleri öwrenilip, ulular we çagalar üçin pasyllara görä joraplar öndürilýär.

Önümçilik kärhanasy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Atamyrat Jumakulyýewe degişli bolup, kärhanada her gije-gündizde 10 müň jübüt jorap öndürilýär. Häzirki wagtda önümçilikde işçi-hünärmenleriň 50-ä golaýy zähmet çekýär. Bu ýerde şu ýylyň geçen üç aýynda hem joraplaryň 222 müň 330 jübüdi taýýarlanyldy. Önümçilikde Hytaý Halk Respublikasynyň we Italiýanyň dokma enjamlaryndan peýdalanylýar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok