Seul, Tokio, Milan, Jidde, Hoşimin we Hanoý ýaly şäherlere gatnawlar başlar!

«Türkmenhowaýollary» agentligi birnäçe ýurt bilen yzygiderli halkara ýolagçy gatnawlary açmak boýunça taýýarlyk görýär. Bu barada «Türkmenhowaýollary» agentliginiň ýolbaşçysy Döwran Saburow 3-4-nji maý aralygynda Aşgabatda geçirilen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly II halkara maslahatynda eden çykyşynda aýtdy.

Yzygiderli halkara ýolagçy gatnawlary Seul (Günorta Koreýa), Tokio (Ýaponiýa), Milan (Italiýa), Jidde (Saud Arabystany), Hoşimin we Hanoý (Wýetnam) ýaly şäherlere amala aşyrylar.

«Türkmenhowaýollary» agentliginiň ýolbaşçysy şu ýyl howa gatnawy arkaly ýolagçy gatnatmagyň umumy mukdarynyň geçen ýyl bilen deňeşdirilende 136,3 göterim ýokarlanmagyna, şeýle hem ýük daşamagyň ösüşiniň 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 112,7 göterim artmagyna garaşylýandygyny belledi. Şeýle hem Döwran Saburow «Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça ýük dolanyşygyny ýylda 60 müň tonna çenli artdyrmagyň meýilleşdirilýändigini mälim etdi.

Döwran Saburow öz çykyşynda «Türkmenhowaýollary» agentliginiň maksatlaryny we taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin 700 million ABŞ dollaryndan gowrak döwlet maýa goýumlarynyň, şeýle hem Türkmenistandaky halkara howa menzilleriniň degişli infrastrukturasyny saklamak üçin 3 milliard ABŞ dollaryndan gowrak maýa goýumlarynyň goýlandygyny belläp geçdi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok