2023-nji ýylyň 14-17-nji maýynda Gazagystanyň Almaty şäherinde ýerleşýän “Atakent” sergi merkezinde “Central Asia Houseware” atly öý hojalyk önümleriniň we durmuş elektronikasynyň 20-nji halkara sergisi geçiriler. Bu sergä türkmen telekeçileri gatnaşmaga çagyrylýar.
Bu barada “Central Asia Houseware” atly serginiň web sahypasynda habar berilýär.
Serginiň esasy maksady köpugurly işewürlik platformasyny döretmek bolup, eksport-importy ösdürmäge, oňa gatnaşyjylara öz önümlerini görkezmäge, telekeçilik gatnaşyklary gurmaga amatly şert döreder.
Ahmet Ybadullaýew,
Türkmen döwlet energetika institutynyň talyby.
Teswirler