2023-nji ýylyň 3-nji maýynda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Gülbahar, Baýrammyrat, Aýna we Jennet Annagulyýewleriň döredijilik sergisi açyldy.
Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijileri Gülbahar we Baýrammyrat Annagulyýewler ýurdumyzda tanalýan keramikaçy suratkeşlerdir. Ömrüni keramika bagyşlan ussatlaryň sergisi “Ykbaly baglan sungat” diýip atlandyrylmagynda uly ähmiýeti bar. 30 ýyl öň iki sany zehinli keramikaçynyň ykbaly baglandy. Şu günki gün hem olaryň döredijiligi esasynda döwrebap keramikasynyň özboluşly taslamalary döreýär. Maşgala sergisinde nesilden-nesle geçýän sungatyň däpleri aýdyň şöhlelendirilýär. Çünki olaryň Aýna we Jennet gyzlary çagalykdan sungata bolan gyzyklanmalary ene-atasynyň göreldesi esasynda ösdürilip, Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebinde nakgaşçylyk ugry boýunça bilim almaga itergi berdi. Häzirki wagtda Aýna Annagulyýewa Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby bolup, zergärçilik hünäri boýunça bilim alýar. Jennet bolsa Aşgabat şäheriniň 46-njy orta mekdebiniň 11-nji synpynda bilim alýar. Sergä gelen tomaşaçylar Aýnanyň “Bedew”, “Dolan Aý”, “Dowamat” ýaly zenan şaý-seplerinde milli zergärçiligimiziň çeper däpleri peýdalanylan hem-de “ýylanyzy”, “islimi” nagyşlary, bedewleriň keşpleri salnan çylşyrymly taslamalary synlap görmäge we Jennetiň akwarel boýaglar bilen çekilen suratlaryň terliginden we baý reňk sazlaşygyndan lezzet alyp bilerler.
Gülbahar Annagulyýewa ilki Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebinde bilim alýar. Ondan soňra Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda ol Türkmenistanyň halk suratkeşi, ussat keramikaçy, tejribeli mugallym Maral Ataýewanyň halypaçylygynda okap, bu ýokary okuw mekdebiniň ilkinji uçurymlaryň biri bolýar. Mümkin, suratkeşiň sungat ýoluny saýlamagyň ilkinji sebäbi onuň kakasy heýkeltaraşlyk sungatynyň beýik ussady Saragt Babaýewiň nusgalyk göreldesi täsir eden bolmaly. Okuwdan daşary wagtynda ol talyp deň-duşlary bilen kakasynyň ussahanasyndaky gijeki surat sapagyna gatnaýardy. 2004-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy bolup, ol döwlet we halkara derejesindäki sergilere özüniň keramika güldanlary, mejimeleri, heýkelleri bilen gatnaşýar. Gülbahar Annagulyýewa diňe bir ussat keramikaçy däl-de, eýsem, özüniň bilimlerini şägirtlerine geçirip bilýän halypadyr. Çünki ol ömrüniň dürli ýyllarynda ýurdumyzyň ýokary we ýörite orta mekdeplerinde zähmet çekip, özüniň mähirli häsiýeti bilen mugallymçylyk kärini şu günki gün hem dowam edip gelýär. Häzirki wagtda ol Türkmen döwlet medeniýet institutynyň medeni gymmatlyklary rejeleýiş we muzeý işi kafedrasynyň mugallymy bolup işleýär. Şu ýylyň aprel aýynyň 5-ne halypa 50 ýaş doldy. Keramikaçy zenan özüniň döredijiliginde gadymy türkmen külalçygynyň gymmatly mirasyna ýüzlenip, zoomorf, ösümlik, geometrik, epigrafik şekilleriniň özboluşly stil sintezini tapmagy başarypdyr.
Suratkeşiň döredijiliginde Türkmenistanyň çäginde ýüze çykarylan arheologik gymmatlyklaryndan alnan şekiller, gadymy rowaýatlaryň gahrymanlary, zenan keşpleri, türkmen halk döredijiliginden alnan ýordumlar uly orun tutýar. Keramikaçynyň “Wagt” atly keramika işinde arabanyň üstünde oturdylan gadymy nagyşly küýzäniň nusgasy ýerleşdirilip, häzirki döwürde gadymy taryhymyzyň kökleriniň täzeden dikeldilýändigini alamatlandyrýar. “Gadymy bezeg” atly haşam küýzesiniň şekili gadymy krit we orta asyr algambra güldanlaryna meňzeýär. Onuň bokurdagy, ortaky we aşaky bölegi, tutawaçlary biri-biriniň içinden geçýän, egrem-bugram nagyşlar tutýar. Küýzäniň göwresinde gadymy diwarlaryň äheňini berýän bölekleriň arasynda dürli ýordumly taslamalar şekillendirilipdir. Taslamalarda Günorta Türkmenistanyň çäklerindäki gadymy medeniýetleriň tapyndylary, ýagny ene hudaýynyň heýkeljigi, guşlaryň, ak, gara, gyzyl reňkli milli nagyşlaryň şekilleri aralygynda topragymyzy ýatladýan mele ýerliginde ýerleşdirilendir. G. Annagulyýewa “Pazyryk nagyşly tabak” atly eseriniň merkezi bölegindäki tegelekde dünýäniň iň gadymy Pazyryk halysynyň gyra nagyşlarynda şekillendirilen atyň we atlynyň şekili goňur ýerliginde ýerleşdirýär, tegelegiň daşynda açyk gülgüne ýerligiň ýüzünde Pazyryk halysynyň merkezi meýdanyndaky sekiz şöhleli “ýyldyz” äheňli nagşyny, grifonlaryň şekillerini gezekleşdirip suratlandyrýar.
Halypanyň döredijiliginde heýkel görnüşinde ýerine ýetirilen we ýüzünde milli nagyşlary çekilen ençeme ýordumly taslamalary Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregidigini aýdyň şöhlelendirýär. Diýarymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň özboluşlylygy “Zemzen”, “Nar”, “Guş” ýaly eserlerine haşamlylyk häsiýetini siňdirýär. Käbir keramika işlerinde zenan keşpler Türkmenistanyň çäklerinde tapylan aýal hudaýlarynyň, Nusaýdan tapylan sirenanyň görnüşini ýatladýan bolsa, beýlekilerinde hakykylyk bilen ýasalan türkmen gelinleri milli etnografiýasynyň özboluşlylygyny ýüze çykarýar. Elbetde, G. Annagulyýewanyň döredijiliginde “Asma küýzeleri” atly toplumyna degişli instalýasiýasy her bir tomaşaçynyň nazaryny özüne çekýär. Türkmeniň ak öýüniň uklaryny we tärimini ýatladýan üçburçlyk görnüşli agaç taslamasynyň merkezinde aşagy daralýan göwresi bolan güldanlar tutawaçlaryndan geçirilen alajalar arkaly asylypdyr. Güldanlaryň dürli derejede asylmagyň özi hem taslamanyň owazly heňiniň sazlaşygyny emele getirýär.
Baýrammyrat Annagulyýewiň saýlaýan temalary hem medeni miras bilen baglanyşyklydyr. Keramikaçynyň “Ýüpek ýoly” atly mejimesinde Türkmenistanyň çäginden geçen düýe kerwenleriniň güberçek şekilleri we Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Soltan Sanjaryň hem-de Il Arslanyň kümmetleri şekillendirilipdir. Taslamada peýdalanylan mele, goňur, ýaşyl reňkleriň dürli öwüşginleriniň syrça arkaly berilmegi işi has hem owadan görkezýär. Düýeleriň ýüzündäki dürli milli nagyşlar eseriň haşamlylygyny has hem baýlaşdyrýar. Egri çyzyk görnüşinde görkezilen düýeler perspektiwa esasynda kiçelip, taslamany has hem hereketli görnüşde görkezýär. Suratkeş gadymyýetden galan medeni mirasymyzyň nusgalaryna esaslanyp, “Gadymy gelinler”, “Gadymyýet”, “Zenan heýkeli”, “Medeni miras”, “Margiana” ýaly taslamalary döretdi. Sergide görkezilen “Keýikler” atly heýkel taslamasy özüniň özboluşly çeper çözgüdi bilen özüne çekýär. Keýikleriň kelleleri taslamanyň merkezinde ýasalan keýigokara tarap ugrukdyrylyp, olaryň keşbi türkmen sähralarynda bu täsin ösümligiň «okarasyndan» göýä suw içýän jerenleri ýadyňa salýar. Keýikleriň ýüzündäki güberçekli ýa-da goňur we gök reňkler bilen çekilen nagyşlar eseriň mazmunyny açmaga ýardam edýär.
Jeren BALTAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy
Teswirler