Ýaňy ýakynda ÝUNESKO-nyñ işleri baradaky Türkmenistanyñ milli toparynyñ Sekretariaýatynyñ wekilleriniñ, Türkmenistanyñ Bilim ministrliginiñ , Türkmenistanyñ Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyñ merkezi geñeşiniñ guramagynda şeýle hem Türkmenistanyñ ähli ýokary okuw mekdepleriniñ talyplarynyñ gatnaşmagynda ,,Milli mirasymyzy goramakda ýaşlaryñ oruny” atly göni widio aragatnaşyk arkaly okuw sapagy geçirildi.Bu okuw sapagynda Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Pedagogika we psihologiýa kafedrasynyñ uly mugallymy ,,Parahatçylyk dilleri “atly ÝUNESKO klubynyñ ýolbaşçysy Ogulsabyr Berdiýewa hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniñ Etngorafiýa we etnologiýa kafedrasynyñ uly mugallymy, YUNESKO- nyñ kafedrasynyñ agzazy Aýna Gurbangulyýewa çykyş etdiler. Bu okuw sapagyna Türkmen Döwlet medeniyet institutynyň talyplary hem işjeñ gatnaşdylar.
Okuw sapagynda ýurdumyzyñ ýokary okuw jaýlarynda talyp ýaşlary ählumumy gymmatlyklar esasynda terbiýelemekde YUNESKO klublarynyñ döredilmeginiň ähmiýeti dogrusynda nygtaldy.
Kadyrmyrat Öwezgylyjow,
Türkmenistanyň Daşary Işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler