Medeniýet gülleýär-sungat gülleýär

Häzirki wagtda ýurdumyzda teatr işgärleriniñ, ýaş artistleriñ  zehin başarnygyny kämilleşdirmek, bu ugurdan has zehinli artistleri aktyorlary ýüze çykarmak  maksady bilen birnäçe bäsleşikler şeýlede okuw maslahatlary geçirilýär.  Muña bolsa şu ýylyñ 26-28-nji apreli aralygynda geçirilen  Russiýa Fedarasiýasynyñ Milli drama teatrynyñ hünärmenleriniñ gatnaşmagynda ýurdumyzyñ teatr sungatynyñ wekilleri üçin «Milli teatr mekdebi» atly hünär derejesini kämilleşdiriş okuw maslahaty hem aýdyñ şaýatlyk edýär.

 Maslahat iki ugur: aktýoryñ ussatlygy we teatr dolandyryş ugry boýunça Türkmenistanyñ Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda, şeýle-de biziñ  Türkmen döwlet medeniýet institutymyzda  dowam etdi. 28-nji  aprelde bolsa ýurdumyzyñ Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda bu okuw maslahatyna işjeñ gatnaşan mugallymlarymyza hem-de talyplarymyza  ýörite  sertifikatlar gowşuryldy. Elbetde bu geçirilen okuw maslahaty hem mugallymlarymyzyñ hem-de teatr sungatynyñ aşygy bolan ýaş talyplarymyzyñ hünär derejesini hasda  kämilleşdirmekde aýratyn goşandyny goşsa gerek.

      Amangeldiýew Guwançmyrat,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok