Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz ýurdumyzy gülledip ösdürmek, milli ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmek babatda senagat pudagyny ösdürmäge, onuň düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Bu ugurda degişli çäreleri durmuşa geçirmek üçin ähli mümkinçilikler yzygiderli döredilýär we üstünlikli amal edilýär. Häzirki döwürde iň täze tehnologiýalaryň durmuşa ornaşdyrylmagy bilen ylym we bilim ulgamynda oňyn sepgitlere eýe bolunýar. Çünki bu ulgam eziz döwletimiziň kuwwatyny hem-de mümkinçiliklerini artdyrýan esasy hereketlendiriji güýji bolup durýar. Häzirki ösen tehnologiýalardan baş çykarýan kämil hünärmenleri kemala getirmekde bilim ulgamynyň uly orny bardyr. Diýarymyzda bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň, ussat hünärmenleri ýetişdirmegiň zerurdygy nazara alnyp, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryna esaslanýan bilim ulgamyny kemala getirmek babatynda durmuşa geçirilýän döwrebap işleriň gerimi has hem giňeýär. ata ýurdumyzyň nurana geljegi bolan ýaş nesliň döwrebap derejede kämil bilim almagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Kämil tehnologiýalaryň çalt depginde kämilleşýän döwründe bilim almagyň esasy şerti täze tehnologiýalary durmuşa giňden ornaşdyrmak bolup durýar. Çünki, häzirki döwürde döwrebap bilim almaklygy kämil tehnologiýalary bolmazdan göz öňüne getirmek mümkin däl. Şoňa görä-de, sanlylaşdyrmak işleri çalt depginde durmuşa ornaşdyrylýar. Sanly ulgamyň ykdysadyýete ornaşdyrylmagy döwrebap usullaryň hem-de gurallarynyň döremegini üpjün edýär, maglumatlaryň gysga wagtda alşylmagyna, zähmet öndürijiliginiň ýokarlandyrylmagyna ýardam berýär. Sanly ulgam innowasion çözgütleri kabul etmekde çeýeligi hem üpjün edýär, dünýäniň ösüşine işjeň goşulmaklyga, ykdysadyýeti ýokary depginli döwrebaplaşdyrmaklyga şert döredýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, Türkmenistan Watanymyzyň ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülmegi, ýurdumyzyň uly ösüşlere beslenmegi ugrunda netijeli işleri alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, döwlet ähmiýetli, il-ýurt bähbitli tutýan döwletli tutumlary hemişe üstünliklere beslensin!
Meýlis HOWMEÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we
ulag kommunikasiýalary
institutynyň 4-nji ýyl talyby.
Teswirler