Täze ýeňişlere beslenýän uly pudak

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata ýurdumyz hemmetaraplaýyn ösdürilýär. Ýurdumyzyň nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolmak bilen, Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýangyç-energetika toplumynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Bu ulgamda amala aşyrylýan giň möçberli iri taslamalar ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda hem möhüm orny eýedir. Ýurdumyz energetika hyzmatdaşlygynyň çägini ýylsaýyn giňeldýär, çünki biziň eziz diýarymyz ägirt uly tebigy serişdelere, uglewodorodlaryň baý gorlaryna eýedir. Nebitgaz senagatyny ösdürmek boýunça yzygiderli alnyp barylýan işlere laýyklykda, ýurdumyzyň uglewodorod kuwwaty ýokarlanýar we özüniň oňyn netijelerini berýär. Energetika ulgamynda döwletara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi ykdysady strategiýamyzyň ileri tutulýan ugrudyr. Ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze ugurlaryny kemala getirmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlar giň goldawa eýe bolýar. Milli ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň täze ulgamyny döretmek şol strategiýanyň esasy ugurlary bolup durýar. Ýangyç-energetika toplumynyň öňünde möhüm wezipeler bolup, täze nebitgaz ýataklaryny ýüze çykarmak maksady bilen, energiýa serişdelerini dünýäniň energetika bazarlaryna ibermegiň dürli ugurlaryny döretmäge, daşary ýurt kompaniýalaryny we maýalaryny çekmegiň hasabyna işleri işjeňleşdirmäge uly ähmiýet berilýär. Energiýa serişdelerine artýan içerki islegleri kanagatlandyrmak ýangyç-energetika toplumynyň möhüm wezipesidir. Munuň özi, nebitgaz, himiýa, elektroenergetika pudaklarynyň, gurluşyk senagatynyň we beýleki ulgamlaryň ýokary depginlerde ösdürilmegi bilen şertlendirilendir. Şunuň bilen baglylykda, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen ägirt uly döwrebap kärhanalaryň kuwwaty artdyrylýar.

Nebitiň we gazyň çykarylyşynyň artdyrylmagy, pudagyň çig mal binýadynyň pugtalandyrylmagy, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň köpugurly ulgamlarynyň döredilmegi bilen birlikde, energetika pudagynyň kärhanalarynyň tehniki we tehnologik taýdan kämilleşdirilmegine, iri senagat desgalarynyň gurluşygyna uly üns berilýär. Täze tehnologiýalary we usullary peýdalanmagyň hasabyna ýurdumyzda nebiti we gazy çykarmagyň depgini üpjün edilýär.

Energetika pudagynda özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga we giňeltmäge gönükdirilen çäreler gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek, täze tehnologiýalara orun bermek ýaly wajyp meseleler üns merkezinde saklanýar.

Nebit çig malynyň we nebit önümleriniň sarp edilişiniň artýandygyna aýratyn üns gönükdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmak, nebiti we tebigy gazy gaýtadan işleýän täze kuwwatlyklary döretmek boýunça uly işleriň amala aşyrylýandygy guwandyryjydyr. Daşky gurşawa zyýan ýetirmezden, «ýaşyl» energetika tehnologiýalaryna geçmek üçin energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri bilen bagly meseleleri çözmekde häzirki wagtda geljegiň ýangyjy hasaplanýan wodoroda uly ähmiýet berilýär.

Şeýlelikde, bu pudagyň netijeleri ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny çalt depginlerde döwrebaplaşdyrmagy, täze önümçilikleri döretmegiň hasabyna onuň düzümlerini giňeltmegi ugur edinýändigini görkezýär.

Begenç JEPBARBERDIÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň 5-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok