Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban, agzybir halkymyz, ata Watanymyz Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň parasatly başlangyjy bilen oňyn ösüşlere eýe bolýar. Ähli ugurlar bilen birlikde, ulag-logistika ulgamynda ýola goýulýan netijeli işler we babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde halkara bähbitlerine laýyk gelýän möhüm başlangyçlar öňe sürülýär. Şeýle möhüm başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegi bolsa hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde amal edilýär. Türkmenistan Diýarymyz sebitiň strategik üstaşyr geçelgelerini üpjün etmekde diýseň amatly ýerde ýerleşmek bilen, döwrebap ulag düzümini amatly peýdalanmaga mümkinçilik döredýär. Ýurdumyz tebigy taýdan döredilen bu şertlerden oňaýly peýdalanyp, häzirki zaman ulag ulgamynyň ösdürilmegine uly üns berýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda häzirki döwürde ulag-logistika ulgamynyň sebitleri we yklymlary birleşdirýän möhüm ulgamdygy ählimize mälim bolsa gerek. Bular bilen birlikde, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty döwletimiziň ulag ulgamynyň möhüm düzüm bölegi bolup durýar. Onuň binýadynda ulaglaryň ähli görnüşleri arkaly ýük daşamagy utgaşdyrýan esasy multimodal merkez döredilmegi diýseň guwandyryjydyr. Munuň özi ulag-logistiki gatnaşyklaryň giň gerime eýe bolmagyna we bu babatda ähli şertleriň üpjün edilmegine mümkinçilikleri döredýär. Ösen ulag ulgamy ählumumy Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge täsir edýän dünýä ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biridir. Şeýle-de halk hojalyk toplumynyň durnukly ösüşi üçin demir ýol gatnawlary uly ähmiýete eýedir. Ulagyň bu görnüşi nebit we nebit önümleri, gurluşyk serişdeleri ýaly ýükleri daşamakda hem-de üstaşyr gatnawlarda artykmaçlygyny saklap galýar. Şonuň üçin bu ugruň ähli düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we oňa innowasiýa usullaryny ornaşdyrmak boýunça yzygiderli çäreler geçirilýär. Ýurdumyzyň ulag ulgamynda tapgyrlaýyn amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň maksady onuň düzümini döwrebaplaşdyrmakdan hem-de tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmakdan ybaratdyr. Şeýlelikde, bu ugurda ulag üstaşyr geçelgeleriň ýola goýulmagy baradaky halkara derejesinde amala aşyrylýan işler oňyn netijelere beslenýär. Ata Watanymyzda ulag ulgamyndaky özara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen meseleler bu günki günde giň goldawa eýe boldy. Eziz ýurdumyzy ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly alyp barýan, dünýä döwletleri bilen hoşniýetli, parahatçylykly gatnaşyklary alyp barmakda, milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagyny uly üstünliklere beslemekde taýsyz tagallalary edýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Mekan MÄÇJIÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we
ulag kommunikasiýalary institutynyň
Ykdysadyýet we sanly tehnologiýalary
fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.
Teswirler