Ýurdumyzda tennis ýaryşyna badalga berildi!

Şu gün — Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesinde tennis boýunça 12 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Aşgabat şäheriniň açyk çempionatynyň dabaraly açylyşy boldy. Ýaşajyk sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary we sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary dabara baýramçylyk ruhuny çaýdy.

Dabarada paýtagtymyzyň we welaýatlarymyzyň toparlary hem-de ýaryşyň emin agzalary tanyşdyryldy. Soňra oglanlaryň arasynda jübütleýin ýaryşa badalga berildi. Ýaryşa ýaş tennisçileriň 100-e golaýy gatnaşýar. Olar jübütleýin we ýekeleýin görnüşde bäsleşer.

Açyk çempionatyň ýeňijileri 5-nji maýda belli bolar. Bu ýaryş şu ýylyň iýun aýynyň birinji on günlüginde Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde geçiriljek Ýetginjekleriň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýanyň çempionatyna taýýarlygyň möhüm tapgyry bolar.

Ýeri gelende belläp geçsek, häzirki tennis gözbaşyny «že-de-pom» atly gadymy fransuz oýnundan alyp gaýdýar. Şol oýun boýunça ýaryşlar ýapyk binalarda guralypdyr. Onuň dörän döwri hasaplanylýan ХI asyrda ýaryşlar tor çekilmän geçirilipdir, top bolsa el bilen gaýtarylypdyr. ХVI asyrdan başlap bolsa «že-de-pom» oýny raketka bilen oýnalyp başlanýar.

XVII asyryň başynda Parižde 250-den gowrak ýöriteleşdirilen tennis kortlary gurlup, ulanylmaga berilýär. Şondan soň bu oýna «tennis» diýlip at berilýär. XII-XIII asyrlarda Italiýada galdyrylan ýazgylar şol wagt tennis oýnunyň bolandygyny subut edýär. Şol döwürler bu oýun «jidoko» diýlip atlandyrylypdyr we onda ele geýdirilen ellik, agaç taýaklar ýa-da deri guşaklar bilen topy urup gaýtarypdyrlar. XIV asyrda fransuz aristokratlary şu oýun bilen gyzyklanyp başlaýarlar. Bu bolsa häzirki zaman tennisiň ösüşine uly täsirini ýetiripdir. Ony ýapyk binalarda we açyk meýdançalarda oýnapdyrlar. Has soňrak häzirki zaman raketkalaryna meňzeş taýaklar bilen topy urup, oýnap başlapdyrlar. Oýun iňlislerde hem ykrar edilipdir we olar oňa «hakyky tennis» (real tennis) diýip at beripdirler.

Deriden ýasalan toplar şol döwürlerde agaç gyryndylary, esgiler, otlar bilen dykylyp doldurylypdyr. Şol sebäpden hem, olaryň diňe gaty örtükde bökmek mümkinçiligi bolupdyr.

Daýanç MÄMMETDURDYÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok