Rowaçlygyň hem ösüşiň ýoly bilen

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda ýurdumyz uly-uly ösüşlere, düýpli özgerişliklere, taryhy wakalara beslenýär. Tutuş dünýäde gülläp ösýän senagaty hem ykdysadyýeti, abadan we eşretli durmuşda ýaşaýan mähriban halky hökmünde uly abraýdan peýdalanýan eziz ýurdumyz bu gün dünýäniň ykrarynda. Bagtyýar halkymyzyň, bagtly ýaşlarymyzyň yhlasly hem tutanýerli zähmeti, dördijilikli ylym-bilimi netijesinde oňyn ösüşler gazanylýar. Milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ençeme guwandyryjy görkezijiler, üstünlikler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amal edilýär. Ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga, ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini gazanmaga, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrmaga gönükdirilen möhüm maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi giň gerime eýe bolýar. Ýyly-ýylyna gazanylýan ähli üstünlikler geljekki ösüşlere badalga bolup, täze galkynyşa binýat bolýar. Häzirki wagtda pudaklarda goýulýan uly möçberli maýa goýum serişdeleri ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga, halkymyzyň bolelin durmuşyny üpjün etmäge şert döredýär. Ähli künjeklerimizde dürli maksatly iri desgalaryň ulanylmaga berilmegi, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýokary depginli gurluşygy buýsandyryjy wakadyr. Ilatyň ýaşaýyş derejesini düýpli gowulandyrmaga, obadyr şäherlerimiziň ýokary derejede özgermegine ýol açýan döwletli tutumlara badalga berilýär. Eziz ýurdumyza ösüş, ilata abadançylyk hem asudalyk getirjek täze desgalaryň birnäçesiniň gurluşygy merdana ata-babalarymyzyň gurmak, döretmek ýolunyň, milli ýörelgeleriniň dowamat tapýandygyny äşgär edýär, ata Watanymyzy ak ertirlere, röwşen geljege atarýar.

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen tutumly işler ilatyň saglygyny goramak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini gowulandyrmak, olary sporta we köpçülikleýin bedenterbiýe hereketine giňden çekmek, milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek we dünýä ýaýmak ýaly möhüm işler şanly ýylymyzyň ösüşlerini artdyrýar. Mähriban raýatlarymyzda, ýaşlarda halallyk, ruhubelentlik we maksada okgunlylyk, ata watana hem ene topraga söýgi ýaly belent duýgulary oýarýar. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, rowaçlyklar bilen batlanmagy ugrunda oňyn başlangyçlary, döwletli tutumlary alyp barýan Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys! 

Maksat GAÝYPOW,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we 
ulag kommunikasiýalary 
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok