Immuniteti pugtalandyrmak üçin käbir maslahatlar

  • Işjeň hereket etmeli. Irki bedenterbiýe maşklaryny yzygiderli ýerine ýetirmeli. Sport bilen meşgullanmaly, pyýada gezmegi we ylgamagy endige girizmeli. Işjeň hereket ganaýlanyşy, immun ulgamynyň esasy agzalary bolup durýan limfatiki düwünlerde, limfoid dokumasynda limfa aýlanyşygyny gowulandyrýar.
  • Otag ösümlikleri immuniteti berkitmäge, nerwleri köşeşdirmäge, ýiti respirator wirusly ýokançlaryň öňüni almaga ýardam edýär. Bu babatda geran ösümligi has-da peýdalydyr. Onuň ýapraklarynda bakteriýalara täsir edýän uçujy fitonsidler saklanýar.
  • Agşamlyk naharynda fitonsidlere baý sogan we sarymsak iýmek, her gün irden sarymsagy böleklere bölüp, ajöze ýuwutmak, bu önümleri kerçeläp, ajysyny gözleriňe girizmek, olary ysgamak peýdaly.
  • Gündelik iýmitiňi seljermeli. Witaminlere, mineral duzlara, ösümlik beloklaryna baý önümleri ulanyp, olaryň siňmegini kynlaşdyrýan duzlanan, öte şor, ýiti tagamly, tüssä kakadylan önümleri, gowrulyp bişirilen, ýagly naharlary çäklendirmeli. Ter we kakadylan miweler, ter gök otlardan petruşka, ukrop, seldereý, kinza, turşuja, gök önüm işdäaçarlary, turşy süýt önümleri peýdaly.

Salyh ATAÝEW,

Magtymguly adyndaky Türkmen
döwlet uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok