Dubaýda krokodil seýilgähi açyldy!

Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde Ýakyn Gündogaryň ilkinji krokodil seýilgähi açyldy. Seýilgähde 250 krokodil bolup, olaryň käbiriň uzynlygy 2 metre ýetýär.

Seýilgähde dürli ýurtlardan getirilen krokodiller bar. Seýilgähiň direktory Mark Gansuana «Krokodiller Tunisden we Günorta Afrikadan getirildi. Bu ýerde emeli usulda ýumurtgadan köpeldilen krokodiller hem bar. Seýilgäh Ýakyn Gündogarda ilkinji bolup durýar» – diýip belläp geçdi.

Seýilgäh häzirden köp adamly bolup, krokodiller göreniň ünsüni özüne çekýär. Dubaý şäherinde ýerleşýän ilkinji krokodil seýilgähi 20 müň inedördül metr meýdanda ýerleşýär. Bu ýere gelýänler seýilgähiň belli nokatlarynda uzynlygy 2 metre çenli ýetýän krokodilleri elleri bilen iýmitlendirip bilýärler.

Rejepnur MUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň inžener-tehniki we
ulag kommunikasiýalary
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok