Ylym barada paýhasly setirler..

Adamy adam eden ylymdyr.

*  *  *

Adamzat jemgyýeti ylymsyz, adam akylsyz ýaşap bilmez.

*  *  *

Akyl we ylym – Alla ýakynlaşmagyň mümkinçiligidir.

*  *  *

Alym – ylym eýesi, jemgyýet – alym eýesidir.

*  *  *

Gün bolmasa, gündizlik bolmaz, ylym bolmasa, jemgyýet bolmaz.

*  *  *

Iň oňat ylym – jemgyýete peýda getirýän ylymdyr.

*  *  *

Paýhasyň miwesi ylymdyr.

*  *  *

Ylym – akylyň öz-özüni azat etmesidir.

*  *  *

Ylym – bilmek ýolunyň çürbaşydyr, kämilligidir.

*  *  *

Ylym – gymmatyny gaçyrmaýan gymmatlykdyr.

Toplan: Gülälek GÜÝÇMYRADOWA,

Magtymguly adyndaky Türkmen
döwlet uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok