Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzda adamyň saglygy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolup durýar. Şoňa görä-de, ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak saglygy goraýşy we derman senagatyny dünýä derejesinde ösdürmek boýunça köp işler amala aşyrylýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň raýatlarynyň beden we ruhy taýdan sagdynlygyny gazanmak, sporty ýokary derejede ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek ýurdumyzda baş wezipä öwrüldi.
Jemgyýetimizde sagdyn endikleri, milli ahlak gymmatlyklaryny ösdürmäge esaslanýan döwlet syýasatymyz mähriban halkymyzda sagdyn durmuşda ýaşamaga uly höwesi döredýär, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan ýaşlarymyzyň sanyny artdyrýar, türgenlerimizi bolsa täze-täze ýeňişlere, uly üstünliklere we rowaçlyklara ruhlandyrýar.
«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzda döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze saglygy goraýyş ulgamynyň desgalarydyr ýöriteleşdirilen toplumlary, şypahanalar gurlup, işe girizilýär, saglygy goraýyş edaralarynda lukmançylyk ylmynyň ösen usullary boýunça bejergi-barlag işleri amal edilýär. Ilatyň saglygyny goramak hem-de dürli keselleriň öňüni almak, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmagyň kepili bolan sagdyn durmuş ýörelgeleriniň jemgyýetde berkarar bolmagyny gazanmak üçin degişli çäreler yzygiderli geçirilýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde saglygy goraýyş ulgamy öňdebaryjy lukmançylyk ylmynyň gazananlarynyň esasynda kämil derejelere ýetdi. Ýurdumyzda keselleriň öňüni almakda we bejermekde, sagdyn jemgyýetiň kemala gelmeginde üstünlikli sepgitlere ýetildi, maşgala lukmançylygy ýörelgesi, sanly medisina, derman senagaty pudagy ösdi.
Garaşsyz döwletimizde köpçülikleýin sporty ösdürmekde ýaşlar syýasatyna esasy orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiziň ilatyň giň gatlaklaryny bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek, çagalar sportuny ösdürmek, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz etmek boýunça işleri dowam etdirmek baradaky başlangyçlary ýaş nesillerimizi üstünliklere ruhlandyrýar. Garaşsyz döwletimizde halkyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we olary bejermek boýunça amala aşyrylýan işleriň netijeliligi dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edildi.
Goý, eziz Watanymyzy has-da gülledip ösdürmek, halkymyzyň sagdyn, eşretli durmuşda ýaşamagy üçin gije-gündiz alada edýän hormatly Prezidentimiziň ömri uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleri rowaç bolsun!
Nurmyrat SEÝITGULYÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň mugallymy.
Teswirler