1941 — 1945-nji ýyllaryň urşy adamzat taryhynda ýowuz uruş hökmünde taryha girdi. Onda türkmen gerçekleri Watanyň azatlygy, ýagty geljek üçin gaýrata galyp, gahrymançylygyň asylly nusgasyny görkezip, ýüreklerimizde müdimilik orun aldylar. Watanymyzyň abraýyny belende göterdiler. Uruşda edermenlik görkezen gahrymanlaryň hem-de tylda zähmet çekenleriň durmuşy ýaş nesiller üçin terbiýe mekdebi bolup durýar.
1941 — 1945-nji ýyllaryň urşuna gatnaşan Watan ogullary bagtyýarlyk döwrümizde ýagşylykda ýatlanylyp, her ýylyň 9-njy maýynda Ýeňiş güni dabara bilen bellenilip geçilýär.
Watanyň mukaddes topragy, asudalygy ugrunda söweşen gahrymanlarymyzyň görkezen edermenlikleri ýaş nesil üçin nusgalyk göreldedir. Halkymyz Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlarynyň görkezen taýsyz edermenligini unutmaýar. Il-günümiz ýowuz ýyllaryň synaglaryna döz gelen atalarymyzyň, enelerimiziň hatyrasyny tutup, olaryň mertliginiň, merdanalygynyň öňünde baş egýär. Olar ýüreklerimizde baky ýaşaýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda uruş weteranlaryna hem-de olaryň yzynda mukaddes ojaklary saklap oturan enelerimize belent sarpa goýulýar. Olaryň durmuş derejesini gowulandyrmakda we saglygyny gorap saklamakda döwlet derejesinde alada edilýär.
Ata-babalarymyzyň gazanan Ýeňşi asyrlar aşyp, şu günki we geljekki nesillerimize parahatçylyk, agzybirlik ruhuny çaýýar.
Halkymyzy asuda, abadan, eşretli durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başlary aman bolsun!
Şeker ATAÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen
döwlet uniwersitetiniň talyby.
Teswirler