Eziz Diýarymyz — sagdynlygyň mekany

Jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adam diýlip ykrar edilen ata Watanymyzda halkyň sagdyn ýaşaýyş-durmuşyny üpjün etmek babatynda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamy uly ösüşlere eýe boldy. Saglyk, sagdynlyk adamzat durmuşynyň bahasyna ýetip bolmaýan iň gymmatly baýlygydyr. Halkyň saglygynyň aladasy, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, ilaty ýokary hilli bejeriş-öňüni alyş hyzmatlary bilen üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň esasy ugrudyr.

Saglyk ruhubelentligiň, bagtyýarlygyň gözbaşy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, eziz Diýarymyzda belent tutumlara badalga berildi we olar ýokary derejede durmuşa geçirilýär. Arkadagly Serdarymyzyň: «Halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan işlerimiziň esasyny düzýär. Sebäbi jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir» diýen sözleri munuň şeýledigini görkezýär.

Her ýylyň 7-nji aprelinde ýurdumyzda Bütindünýä saglyk gününiň dabaraly bellenilip geçilmegi ata Watanymyzyň sagdynlygyň, ruhubelentligiň mekanydygyny subut edýär. Eziz Diýarymyzda sagdyn durmuş ýörelgeleri giňden wagyz edilip, ýaramaz endiklere garşy göreş alnyp barylýar, köpçülikleýin bedenterbiýe we ýokary netijeli sport ösdürilýär. Bedenterbiýe we sport halkymyzyň durmuşyna işjeň ornaşýar. Şonuň netijesinde berk bedenli, sagdyn ruhly nesil kemala gelýär. «Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça Milli maksatnamanyň», ýokanç däl keselleriň öňüni almak we garşysyna göreşmek boýunça Milli strategiýanyň, «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň» kabul edilmegi hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň baş maksadynyň halkymyzyň saglygy, abadançylygy we bagtyýarlygy baradaky aladadan ugur alýandygynyň subutnamasy bolup durýar.

Mähriban halkymyzyň sagdyn ýaşamagy, işlemegi üçin ähli amatlyklary, durmuş ýeňilliklerini döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan ähli işleri rowaçlyklara beslensin!

Sähetbike ÖWEZOWA,

Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň mugallymy, lukmançylyk
ylymlarynyň kandidaty.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok