Edep-ekram bilen baglanyşykly yrymlar

Nahar başynda ýaramaz, ýakymsyz zatlar barada gürrüň etmeli dälmiş. Allatagalanyň hoşuna gelmezmiş.

Metjide gireniňde sag aýagyň bilen girmek, çykanyňda çep aýagyň bilen çykmak Allatagala hormat-sylag etdigiňdir.

Nahar iýmeklikde nobat ulularyňkydyr. Suw içmeklikde nobat kiçiniňkidir.

Derýanyň köprüsinden geçeniňde ýagşy dilegler etmeli. Derýalar Hydyr görendirler, şonuň üçin hem dilegleriň kabul bolarmyş.

Pyçagy birine uzadanyňda sap tarapy bilen uzatmalymyş. Perişdeler gorkarmyş.

Suwa tüýkürmeklik külli günä, «döwletiň gaýdar» diýilýär.

Özüňi öwmeklerinden lezzet almaklyk Allatagalany sylamadygyň bolarmyş.

Azap siňen zat ýaramaz-da bolsa, oňa aýawly çemeleşmek, hormatlamak ynsanyň borjudyr. Şeýle etmedik adam gowulyga garaşmaly däldir.

Toplan: Merjen AGAÝEWA,

Magtymguly adyndaky Türkmen
döwlet uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok