Türkmen Döwlet gurjak teatrynda kitap şüweleňi geçirildi

Şenbe güni Türkmen Döwlet gurjak teatrynda kinokonsert merkezinde bütindünýä kitap güni mynasybetli kitap şüweleňi geçirildi.

Şüweleň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň gurnamagynda geçirildi we şüweleňiň çäklerinde kitap ýarmarkalary we çagalar üçin gurjak teatr görkezmeleri, oýunlar görkezildi.

Mundan başga-da çagalar üçin «Janly gurjaklar» atly sahna oýny görkezildi.

Belläp geçsek, şüweleňiň çäklerinde çagalaryň arasynda sorag-jogap  geçirildi. Bäsleşige işjeň gatnaşan çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.     

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok