Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýada saparda boldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Germaniýa Federatiw Respublikasynda saparda boldy. Saparyň çäklerinde türkmen-german gatnaşyklaryny mundan beýläk-de netijeli ösdürmäge, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge gönükdirilen duşuşyklar geçirildi. Olarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň, özara tejribe alyşmagyň meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow saparyň dowamynda Germaniýanyň Atçylyk toplumynda bolup, onda idedilýän atlaryň özboluşly aýratynlyklary bilen tanyşdy we ýurdumyzda şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmegiň, seýislemegiň milli usullary barada gürrüň berdi. Şunda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň, atçylyk pudagynyň işini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere üns berildi.

Germaniýanyň Atçylyk toplumynyň ýolbaşçysy Konrad Şumaher öz adyndan hem-de germaniýaly atşynaslaryň adyndan Gahryman Arkadagymyzy Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerdäki meýdança baryp, hünärmenleriň haýyşy boýunça olar bilen gara reňkli bedewiň ýanynda ýadygärlik surata düşdi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok