Ukusyzlyk ýol-ulag hadysalarynyň howpuny ýokarlandyrýar!

Alymlar soňky 24 sagatda 4-5 sagat uky almagyň ýol-ulag hadysalarynyň döremek howpuny ýokarlandyrýandygyny habar berdiler.

Ýeterlik derejede dynç alynmasa, bu gündelik işimize gönüden-göni täsir edýär. Dynç almak üçin bolsa wagtly-wagtynda ýeterlik derejede uklamak zerurdyr. Kadaly uky diňe fiziki däl, eýsem, ruhy saglygymyza hem täsirini ýetirýär. Eýsem, kadaly uklamak üçin näme etmeli? Häzire çenli geçirilen barlaglaryň netijesinde her bir adamyň her günortaça 7 sagat uklamagynyň zerurdygy ýüze çykaryldy. Kadasyz uky dürli erbet ýagdaýlara we nähoşluklara getirip bilýär.

«CQUniversity»-niň alymlary 61 gözleg geçirip, az uklamagyň ýol-ulag hadysalaryna täsirini seljerdiler. Gözlegleriň netijesi, soňky 24 sagatda 4-5 sagat ukyny almagyň heläkçilik töwekgelçiligini iki esse ýokarlandyrandygyny görkezdi. Her 1 sagat uky wagtynyň ýitmegi bilen bu töwekgelçiligiň ýokarlanýandygy mälim edildi.

Gözlegleriň käbiri 0-4 sagat ukynyň heläkçilik howpuny 15 esse ýokarlandyrýandygyny görkezdi. Geçirilen gözlegler «Nature and Science of Sleep» žurnalynda çap edildi.

Güljahan SARYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok