«OMOUS — 2023»: Türkmen talyplary 138 medal gazandy!

Mälim bolşy ýaly golaýda, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde ýerli hem-de daşary döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň açyk matematika olimpiadasyna (OMOUS — 2023) badalga berlipdi. Türkmen we iňlis dillerinde geçirilen olimpiada A we B toparlar boýunça, şeýle-de toparlaýyn esasda guraldy. A topara matematika we informatika boýunça, B topara bolsa dürli ugurlar boýunça bilim alýan talyplar gatnaşdy.

28-nji aprelde olimpiadanyň jemi jemlenildi we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi.

Olimpiadanyň netijesine görä, Özbegistan Respublikasynyň talyplary A derejede 5 kümüş, 10 bürünç, toparlaýyn esasda 3 bürünç medala, jemi 18 medala, Russiýa Federasiýasyndan gelen talyplar A derejede 4 altyn, 1 kümüş, 4 bürünç, toparlaýyn esasda 1 altyn, 2 kümüş, jemi 12 medala, Azerbaýjan Respublikasynyň talyp ýaşlary A derejede 2 kümüş, toparlaýyn esasda 1 bürünç, jemi 3 medala, Wengriýa Respublikasyndan gelen talyplar A derejede 1 altyn, Meksikanyň talyplary B derejede 1 altyn, Germaniýa Federatiw Respublikasyndan gelen talyp ýaşlar B derejede 1 kümüş, Saud Arabystany Patyşalygyndan gelen talyplar B derejede 1 bürünç medala mynasyp boldular. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary A we B dereje boýunça 20 altyn, 37 kümüş, 63 bürünç, toparlaýyn esasda 2 altyn, 7 kümüş, 9 bürünç, jemi 138 medala mynasyp bolup, öňdeligi eýelediler.

Aýgözel BEGENÇMUHAMMEDOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok