Türkmenistan Watanymyzda Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegine, azyk bolçulygynyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda edermen ekerançylaryň ýokary öndürijilikli zähmeti, olaryň ýyl-ýyldan gymmatly oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny almak babatdaky tutanýerli yhlasy pudagyň ösüşine bat berýär. Zerur bolan mineral dökünler, tohumlar we zyýankeşlere garşy göreşmek üçin dürli serişdeler bilen üpjün edilmegi, oba hojalyk önümleriniň satyn alnyş nyrhlarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy we tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi önümçiligiň möçberiniň barha artmagyna hem-de ýurdumyzyň azyk howpsuzlygynyň binýadynyň pugtalandyrylmagyna ýol açýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gadymy ekerançylygynyň baý medeniýeti Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ösüşiň täze derejesine çykaryldy. Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli tehnikalarynyň we enjamlarynyň satyn alynmagy, tohumçylyk, täze ýerleri özleşdirmek, ýokary tehnologiýalary hem-de ylmy işläp taýýarlamalary ulanmak babatdaky işler oňyn netijeleri berýär. Ekin meýdanlaryny suw bilen üpjün etmek we olaryň ýagdaýyny gowulandyrmak, önümçilige öňdebaryjy suw tygşytlaýjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak üçin uly möçberli maliýe serişdeleri gönükdirilýär. Şeýle-de ylmy seçgiçilige uly üns berilýär. Oba hojalyk pudagyny sanlylaşdyrmak, oňa ekerançylygyň häzirki zaman usullaryny, öňdebaryjy oba hojalyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmak arkaly düşewüntliligi ýokarlandyrmak, kärende gatnaşyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen, anyk çäreler geçirilýär. Edermen daýhanlarymyz şeýle hem ussat telekeçiler oba hojalyk önümlerini öndürmek, taýýarlamak, gaýtadan işlemek, olary ýerlemek bilen, içerki bazary dürli görnüşli önümler bilen doly üpjün edýärler. Şeýle-de olar ýokary hilli azyk önümleriniň içerki bazardan artan bölegini daşarky bazarlara ibermäge mümkinçilik aldylar. Häzirki wagtda bu pudagy tehniki hem-de tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmak wezipeleriniň Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň degişli Konsepsiýasyna laýyklykda, innowasion esasda amala aşyrylýandygyny bellemek gerek. Bu asylly işler tebigy we ýer-suw serişdeleriniň kuwwaty oba hojalyk pudagyny ýokary depginlerde ösdürmäge mümkinçilik berýär. Oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini yzygiderli ýokarlandyrmak, ýokary ykdysady görkezijileri gazanmak arkaly döwletimiz öňdebaryjy ekerançylyk medeniýetiniň ýurduna öwrüldi. Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan şol özgertmeleriniň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň strategik taýdan ähmiýetli bu pudagyny kämilleşdirmek, oba ilatynyň durmuş şertlerini ýokarlandyrmak, olaryň abadan ýaşaýşy üçin ähli şertleri döretmek ugrundaky beýik başlangyçlar ýurdumyzyň okgunly ösüşiniň, galkynyşyň ýoly bilen täze belentliklere tarap barýan ynamly gadamlarynyň aýdyň subutnamasydyr.
Nazarly BATYR,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Teswirler