«Açyk gapylar» gününe gatnaşmagym ýüregimde beslän arzuwlaryma ýetmäge kömek etdi!

Ýakynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda «Açyk gapylar» güni geçirildi. «Açyk gapylar» gününde  geljekde diplomat bolmagy arzuw edýän, orta mekdebi tamamlajak, şu ýylky uçurymlara institutyň tejribeli mugallymlary şol institutda hereket edýän fakultetler, kafedralar  şeýle hem talyplaryň öwrenýän hünärleri barada giňişleýin tanyş etdiler.

Şonuň ýaly-da, institutyň talyp ýaşlary hem bu ýere gelen mekdep okuwçylaryna ýokary okuw mekdebiniň taryhy we onuň gazanan üstünlikleri barada maglumatlary gürrüň berdiler.

Aýratynam, mekdep okuwçylary üçin, institutyň ugurlary bilen tanyşmaga ýardam berýän ýörite sergi gurnaldy.

Institutyň radiogepleşikler otagynda Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby Peristan Töräýewanyň alyp barmagynda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 76-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Akjemal Şamyradowa bilen söhbetdeşlik ýazgy etdiler. Mekdep okuwçysy söhbetdeşlikde şeýle gürrüň berdi:

« «Açyk gapylar» gününe gatnaşmagym ýüregimde beslän arzuwlaryma ýetmäge kömek etdi. Mekdepde «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşigine türkmen dili we edebiýaty dersinden gatnaşýaryn. Hat-da, ders bäsleşigiň şäher tapgyrlarynda baýrakly orunlary hem eýeledim. Şol sebäpdenem, Halkara žurnalistikasy hünärini özüme has ýakyn görýärin. Çünki, žurnalistika hünäri çagalygymdan bäri, ünsümi özüne çekýär. Geljekde orta mekdebi tamamlap, şu institutyň giriş synaglaryndan üstünlikli geçip, Halkaraçy žurnalist bolmagy maksat edinýärin.»

Kadyrmyrat ÖWEZGYLYJOW,
Türkmenistanyň Daşary Işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, TMÝG-nIň işjeň agzasy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok