Türkmenistanyň energiýa pudagyna «Dragon Oil» 8 milliard dollar maýa goýmagy maksat edinýär!

Birleşen Arap Emirlikleriniň «Dragon Oil» nebit kompaniýasy geljek 15 ýylda Türkmenistanyň energiýa pudagyna azyndan 8 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýmagy maksat edinýär. Bu barada Dubaýyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň başlygynyň orunbasary Ahmed bin Said Al Maktum Dubaýda geçirilýän Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumynda eden çykyşynda mälim etdi.

Ahmed bin Said Al Maktum öz çykyşynda «23 ýyldan gowrak bilelikdäki işiň dowamynda «Dragon Oil» kompaniýasy Türkmenistanyň nebit ýataklaryny özleşdirmek boýunça taslamasyna 8 milliard ABŞ dollaryndan gowrak maýa goýdy we geljek 15 ýylyň dowamynda azyndan şol mukdarda maýa goýmaga taýýardyr» diýip belläp geçdi. Mundan başga-da ol hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, şol sanda bilim we tejribe alyşmak arkaly türkmen bazaryna daşary ýurtly maýadarlary çekmegiň tarapdary bolup durýandygyny aýtdy.

Şeýle hem Dubaýyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň başlygynyň orunbasary BAE-nyň gün, ýadro, wodorod we beýleki alternatiw energiýa modellerini ulanmakda toplan uly tejribesini belläp, arap işewürliginiň işjeň bolup biljek esasy ugurlarynyň hatarynda energiýa pudagynyň özgerişini we Türkmenistan hökümetiniň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine geçiş başlangyjyna goldawyny görkezdi.

Mekan KAKAJANOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok