Türkmeniň ruhy dünýäsiniň baýlygy

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagta çenli Magtymguly Pyragynyň eserleri dünýä dillerine terjime edilip, beýik söz ussadynyň heýkeli dünýäniň ençeme döwletlerinde oturdyldy. Dünýä okyjylary üçin niýetlenilen žurnallarda Magtymguly Pyragynyň döwrüne we döredijilik mirasyna degişli barlaglaryň netijeleri boýunça makalalar, şeýle hem beýik söz ussadynyň şygyrlary daşary ýurt dillerine terjime edilip, halk köpçüligine ýetirildi.

Dünýäniň dürli ýurtlarynda Gündogaryň şygryýet bossanynyň saýrak bilbili diýlip ykrar edilen Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli şahyryň eserleriniň çeper okaýyşlaryny geçirmek, beýik akyldaryň ýadygärliginiň ýanynda şahyrlaryň, terjimeçileriň, ylmy işgärleriň gatnaşmagynda ylmy maslahatlary, duşuşyklary, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň ömri we döredijiligi bilen baglanyşykly beýleki medeni çäreleri guramak asylly däbe öwrüldi. Munuň özi ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň alymlarynyň, şahyrlarynyň türkmen nusgawy edebiýatynyň kerwenbaşysynyň ömür ýoluna we döredijilik mirasyna bagyşlanylan täze ylmy barlaglary geçirmäge badalga berýär.

Magtymguly — halkyň buýsanjy, diliniň guwanjy, ýüzüniň tuwagy. Gahryman Arkadagymyz «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly ajaýyp kitabynda: «Magtymgulynyň şygyrlary ynsan ýüreklerine em, argyn bedenlere kuwwat, sussupese ruhy ganatdyr. Hut şonuň üçin hem halkymyz Magtymgulyny agyran-ynjan, gussa batan gününde dertlerden gutarjak lukman tutunypdyr» diýýär.

Bu gün halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy, Arkadagly Serdarymyzyň pähim-paýhasy netijesinde Magtymguly atamyzyň arzuw eden döwletine, döwletliligine ýetdi. Hormatly Arkadagymyzyň pähim-paýhasy bilen paýtagtymyzda, Köpetdagyň belent gerişleriniň birinde akyldaryň ýadygärligi, medeni-seýilgäh toplumy gurulýar. Magtymguly Pyragy her bir türkmeniň öýünde, kalbynda, aňynda ýaşap gelýär. Watana bolan çäksiz söýgi, uly buýsanç Magtymguly Pyragynyň goşgularynda belent owaz bolup ýaňlanýar.

Leýla ŞERIPOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok