Sylap Ataýewiň «Sosial media platformalary we ýaşlar» temadan seminary geçirildi

Tejribeli mugallym Sylap Ataýew Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkezinde «Sosial media platformalary we ýaşlar» temasy boýunça seminar alyp bardy.

 Mugallymyň aýtmagyna görä, seminaryň baş maksady bir zatlar öwretmek we diňleýjileri gyzyklandyrmak bolup durýar. Seminaryň şaýady hökmünde mugallymyň maksatlarynyň dolulygyna ýerine ýetendigini arkaýyn aýdyp bilerin. Halypa mugallymyň seminary alyp baryş usuly we seminaryň dowamynda beren gymmatly maglumatlary hemme tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekdi.

Sylap Ataýew seminaryň başlangyç bölegini öýjükli telefonlaryň taryhy bilen başlady. Soňra bolsa, ýörite statistikalara esaslanyp, ýaşlaryň arasynda sosial media platformalarynyň dünýä boýunça dürli ulanylyş görkezijilerini belläp geçdi. Sosial mediýa platformalarynyň ýaşlara ýetirýän zyýany esasy üns berilen tema boldy. Çenden aşa aladalanmaklyk, gaýgy, özüňe pes baha bermek, başarnyksyzlyk, aragatnaşyk gurup bilmezlik ýaly ýaramaz täsirleriň hemmesi sosial media platformalarynyň nädogry ulanylmagy sebäpli emele gelýär. Şeýle hem seminarda sosial medianyň aşa köp ulanylmagy sebäpli sustypeslik we ukynyň bozulmagy ýaly saglyk meseleleri bellenilip geçildi.

Sosial mediany ulanmagyň dogry we kabul edilen tertibi, adam beýnisiniň mümkinçiliklerini peýdalanmak, wagty dogry dolandyrmak nygtalyp geçildi. Seminaryň ahyrynda sosial mediany ulanmak barada käbir peýdaly maslahatlar berildi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok