Kosmos gämilerinde häzirki zaman iýmitleniş

Häzirki wagtda kosmos iýmitleriniň köpüsi ýerdäki iýmitlere gaty meňzeýär. Tagamsyz, gysylan diş pastasyna meňzeş gurluş hökmünde başlanan zat, kosmos gözleginiň ilkinji günlerinden bäri uzak ýol geçdi. Ilkinji uçuşlardan ozal, kosmosda iýmekligiň howpsuzdygyny hiç kim bilmeýärdi. Ilki bilen ýörite jele arkaly iýmitlendirmek boýunça itlerde üstünlikli synaglar geçirildi.

Ilkinji uçuşynda Ý.Gagarin meşhur suwuk iýmit önümlerini aldy. Olar kosmiki iýmitleniş bilen baglanyşykly bolupdyr. Her iýmit gabynyň agramy 160 gram bolup, şondan jemi 63-si bardy. Mundan başga-da, kosmonawta çörek toplary, kakadylan şöhlat we limon dilimleri berildi.

Kosmonawtlaryň häzirki zaman iýmitlenişi nämeden ybarat?

Wagtyň geçmegi bilen turba şekilindäki iýmitler aýryldy, çünki kosmosda her gram hem möhüm rol oýnaýar. Şondan bäri tehnologiýa uzak ýoly geçdi. Häzirki wagtda kosmonawtlar dürli görnüşli iýmit ulanýarlar. Mysal üçin, suwuklandyrylan önümler. Onuň üçin gaplamak wagtynda önümlerden suw aýrylýar. Doňdurylyp guradylanda tagam bişirilýär, soň ol çalt doňýar we çyglylygy siňdirmek üçin ol wakuum kamerasyna ýerleşdirilýär. Wakuumly gaplanan iýmiti açmak, oňa suw guýmak ýeterlikdir we birnäçe minutdan ony iýmek bolýar. Wakuum haltajyklarynda doňdurylyp guradylan önümlere suw goşup hem ulanýarlar. Şeýle hem aralyk derejede çyglylygy bolan önümler hem ulanylýar. Munda suwuň bir bölegi iýmitden aýrylýar, ýöne hemmesi däl. Mysal üçin guradylan şetdaly, armyt we erik. Ýene-de bir ulanylýan iýmit görnüşi ýylylygy durnuklaşdyrylan önümler. Bakteriýalary we beýleki mikroorganizmleri öldürmek üçin ol ýylylyk täsirine sezewar edilýär. Bu ýagdaý iýmitiň daşky gurşaw temperaturasynda saklanmagyna mümkinçilik berýär. Bu usulda käbir miweler ýa-da tunes saklanýar.

Kähalatda et bişirilýär, folga haltajyklara gaplanýar we onda bakteriýalaryň köpelmeginiň öňüni almak üçin gamma şöhlelerine ýa-da elektron şöhlelerine gysga wagtda täsir etdirýärler. Halkara kosmos stansiýasynyň Amerikan tarapynda mikrotolkunly peçler bolup, olarda bu usul ulanylýar. Şeýle hem alýumin gaplardaky önümler bolýar. Olary şol ýagdaýda gyzdyryp bolýar, kosmos stansiýalarynda munuň üçin ýörite enjamlar bar. Miwe we gök önümler adatça plastik paketlere gaplanýar we olaryň ter durmagy üçin hlor bilen dezinfeksiýa edilýär. Duz, burç ýaly goşundylar bolsa diňe turbajyk görnüşli gaplarda ulanylýar. Çünki şeýle ownuk bölejikler pes agyrlyk güýji bilen täsir alyp biler. iýmit galyndylarynyň galmazlygyny üpjün etmek üçin kosmos gämilerinde ýörite şertler bar. Suwuklyklar nol agyrlyk güýjünde hem üýtgäp biler, şonuň üçin kofe, şire ýa-da çaý ýaly içgiler külke (poroşok) görnüşde gaplanýar.

Geljekde alymlar kosmonawtlaryň kosmos fermalarynda, emeli yşyklandyryş bilen temperatura gözegçilik edilýän ýyladyşhanalarda we adaty topragyň ýerine ýokumly maddalary ulanýan gidroponiki ulgamda miwe we gök önümleri ösdürip ýetişdirmegi meýilleşdirýärler. Eýýäm bu ugurda üstünlikli synaglar geçirildi: şeýlelik bilen azyk önümlerini eltip bermekde kynçylyklardan gaça durmak we uzak möhletli iýmitler bilen üpjün etmek mümkin bolar. Kosmos gämilerindäki gidroponiki fermalar taslama hökmünde eýýäm bar. Kosmos baglarynda soýa, nohut, ysmanak, kale kelemi, salat ösdüriler. Bulardan kosmonawtlar «aşhanalarynda» ýörite naharlary bişirip bilerler.

Kakamyrat ÇOPANOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok