26-28-nji apreli aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Milli drama teatrynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda ýurdumyzyň teatr sungatynyň wekilleri üçin «Milli teatr mekdebi» atly hünär derejesini kämilleşdiriş okuw maslahaty geçirilýär. (Şu gün maslahatyň soňky güni.)
Maslahat iki ugur — aktýoryň ussatlygy we teatr dolandyryş ugry boýunça Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda we Türkmen döwlet medeniýet institutynda dowam edýär. Şeýle okuw maslahatlarynyň yzygiderli geçirilmegi özara tejribe alyşmaga we ýaş artistleriň hünärine bolan höwesini artdyrmaga ýardam eder.
Teswirler