Daşary ýurtdaky Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän kitaphana

1969-njy ýylda Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäherinde täze kitaphana döredilip, ol şol ýylyň iýun aýynda okyjylara hyzmat edip başlady. 1972-nji ýylyň mart aýynda Ukraina Sowet Sosialistik Respulikasynyň Sowet Ministriniň Karary bilen kitaphana türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymgulynyň ady dakyldy. Şol ýyl bu şanly waka mynasybetli güneşli Türkmenistanyň tanymal medeniýet we sungat ussatlary Kiýew şäherinde myhmançylykda bolup, kitaphana şahyryň dogduk mekanynda ýasalan bürünç heýkelini we onuň dürli ýyllarda neşir edilen goşgular ýygyndylaryny sowgat berdiler.

Şu geçen ýyllaryň içinde kitaphana köp milletli Ukrainanyň dürli künjeklerinde ýaşaýan adamlaryň arasynda giňden tanaldy. Edil türkmen halky ýaly, ukrainler hem kitaba belent sarpa goýýarlar. Şol sebäpli Magtymgulynyň adyny göterýän kitaphanamyzda saklanylýan dürli ugurlara degişli kitaplaryň sany kyrk alty müňe golaýlaýar. Bu kitaplaryň arasynda türkmen halkynyň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň türkmen dilinde hem-de tanymal terjimeçiler A.Tarkowskiý, G.Şengeli, P.Mowçan, A.Kononenko, N.Waskiw tarapyndan dürli ýyllarda rus we ukrain dillerine terjime edilen goşgular ýygyndylarynyň bardygyny bellemek ýakymlydyr.

1975-nji ýylda kitaphanada Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligini gürrüň berýän muzeý döredildi. Muzeýiň birinji bölüminde Magtymguly Pyragynyň ömür we döredijilik ýoly barada gürrüň berýän kitaplar, şahyryň türkmen, rus, ukrain dillerinde neşir edilen goşgular ýygyndylary ýerleşdirildi. Ikinji bölümde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ösüşlerini täsirli beýan edýän kitaplar we döwürleýin neşirler görkezilýär. Üçünji bölümde türkmen halkynyň amaly-haşam sungatynyň ajaýyp nusgalaryny we Magtymguly Pyragynyň hala çitilen portretini synlamaga mümkinçilik döredildi. Soňky on ýylyň içinde bu muzeýde Kiýew şäheriniň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň on müňe golaýy myhmançylykda boldular.

Durdy BEGJIKOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok