«CNPC» Türkmenistana 9,4 milliard ABŞ dollaryndan gowrak maýa goýdy

«Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn meýdançanyň çäginde «CNPC» kompaniýasy Türkmenistana 9,4 milliard ABŞ dollaryndan gowrak maýa goýdy. Bu barada «CNPC Middle East» kompaniýasynyň prezidenti Wan Guýhaý 26-27-nji aprelde Dubaý şäherinde geçirilen Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumynda eden çykyşynda belläp geçdi.

Bellenilişi ýaly, hyzmatdaşlyk ýyllarynyň dowamynda Türkmenistandan Hytaýa iberilen tebigy gazyň umumy mukdary 360 milliard kub metrden gowrak bolup, gaz söwdasynyň möçberi onlarça milliard amerikan dollary bilen bahalandyrylýar.

Wan Guýhaý-yň aýtmagyna görä, korporasiýa her ýylda harytlyk gazyň 13 milliard kub metrini eksport edip, 1,2 milliard ABŞ dollary möçberinde salgyt töleýär. Mundan başga-da korporasiýa durmuş maksatly taslamalara 26 million ABŞ dollary möçberinde maýa goýup, iş orunlarynyň on müňlerçesini döretdi.

Şeýle hem 26-27-nji aprelde Dubaýda geçirilen forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanow Türkmenistan – Özbegistan – Gazagystan – Hytaý gaz geçirijiniň dördünji şahasy işe girizilenden soň türkmen tebigy gazynyň Hytaýa iberilýän möçberiniň ýylda 65 milliard kubmetre çenli artdyryljakdygyny mälim etdi.

Weýis RAHMEDOW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Geologiýa fakultetiniň Peýdaly magdanlary
gözlemegiň we barlamagyň geofiziki usullary
kafedrasynyň müdiri.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok