Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty «AÇYK GAPYLAR» gününi geçirýär!

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty 2023 — 2024-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän orta we orta hünär okuw mekdepleriniň uçurymlaryny, okuw merkezleriniň diňleýjilerini, harby bölümleriň esgerlerini, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary 2023-nji ýylyň 3-nji maýynda sagat 15:00-da boljak «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar.

Bagtyýar ýaşlar «Açyk gapylar» gününde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky alyp barýan syýasatynyň institutda durmuşa geçirilişi, ýokary bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, okuwlaryň guralyşy, öwrenilýän hünärler, taýýarlyk ugurlary, döwrebap tehnologiýalar we internet bilen enjamlaşdyrylan täze ýöriteleşdirilen okuw otaglary, aýdym-saz, tans toparlarynyň çykyşlary, sport toplumynyň işi, talyplaryň ýaşaýyş şertleri bilen tanşyp bilerler.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň Baba Annanow köçesiniň 136-njy jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 28-18-53, 28-18-05.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok