Türkmen edebiýaty barada gürrüň gozgalanda, her bir ildeşimiziň göz öňünde Magtymguly Pyragynyň keşbi janlanýar. Bu beýik akyldaryň ajaýyp edebi mirasy halkymyz üçin gymmatly hazynadyr. Şu döwre çenli ýazyjy-şahyrlarymyz, edebiýatçy alymlarymyz tarapyndan onuň döredijiligi barada ençeme oý-pikirler beýan edildi, ylmy işler alnyp baryldy.
Şahyryň şygryýet dünýäsine aralaşanyňda, kalbyňda täsin duýgular peýda bolýar. Magtymgulynyň döredijilik lirikasy umman mysaly gözýetmezdir, çuňdur we giňdir. Onuň many-mazmuna baý şygyrlaryny okanyňda, kalbyňa rahatlyk aralaşýar. Şahyryň çuňňur mana ýugrulan goşgularynyň her bir setiri atalar sözüni ýadyňa salýar, hyýalyňda parasatly türkmen akyldarynyň nurana keşbi ör boýuna galýar. Şahyryň goşgulary mertlik, watansöýüjilik, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelere ýugrulyp, ynsan kalbyny nurlandyrýar.
Magtymgulynyň kitaby her öýde, her elde bar. Ony okamadyk, okamaýan, diňlemedik, diňlemeýän ýokdur. Magtymguly begençli günde-de, gynançly günde-de türkmeniň syrdaşydyr, heserdeşidir. Şatlyk-gussany deň paýlaşýan, deň gülüp, deň aglaşýan mähriban doganydyr, ygtybarly dostudyr. Köp asyrlaryň gowgasyny gören, durmuşyň dogry ýoluny salgy berip duran parasatly atasydyr. Asylzada türkmen ilinde Magtymgulynyň sözünden çirk gözläp biljek ýekeje adam tapdyrmaz.
Biz ata-babalarymyz, Magtymguly ýaly beýik akyldarlarymyz tarapyndan arzuwlanan, ruhy taýdan esaslandyrylan, hemişe ynam bolup, ýetilmeli menzil bolup ýüreklerde ýaşan, bu gün berkararlyk tuguny belende göteren döwletimiziň saýasynda ýaşaýarys. Bu beýik türkmen döwletiniň arkadaýanjy Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza dowamat şan-şöhrat bolsun!
Gülälek ÖWEZOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler